Her ýyl 11 million tonna mikroplastik ummanlara düşýär

Her ýyl ummanlara 11 million tonnadan gowrak plastika düşýär. Olaryň köpüsi plastik torbalardan we beýleki balyk tutulýan enjamlaryndan gelýär. Bu barada Halkara ýabany tebigat gaznasy habar berdi.

Hünärmenleriň pikiriçe, galyndylaryň, takmynan, 10 göterimi taşlanan torlardan ybaratdyr. Mikroplastikalardan başga-da, torlar howply bolup, olara delfinler, akulalar we deňiz jandarlary düşüp çolaşýarlar. Şeýle duzak olar üçin ölüm howply bolup durýar. Agyr ölümden soň, olaryň läşi beýleki deňiz haýwanlarydyr balyklary üçin albaýa öwrülip, olar hem plastik ýesirlige düşýärler.

Halkara ýabany tebigat gaznasynyň wekili bolan tejribeli guwwas Andrea Ýohanides, torlar wagtyň geçmegi bilen dargandan soň, mikroplastika öwrüljekdigini, ýöne iýmit zynjyry bilen iru-giç adam bedenine düşjekdigini ýatladýar.

Ýene degişli makalalar

Suwotudan ses geçirmeýän material öndürildi
Stambula syýahatçylar akymy soňky 33 aýda iň ýokary derejä ýetdi
Stambula barýan jahankeşdeleriň sany iň ýokary derejä çykdy
Antarktidada täze ýagan garda ilkinji gezek mikroplastik ýüze çykaryldy
Mikroçip önümçiligini artdyrar
Twitteri Iň Köp Ulanýan Ýurtlar Belli Boldy