Türkmenistanda häkimiýetleriň Yslama uýýanlaryň dini däp-dessurlary bilen bagly basyşlaryny güýçlendirmegi netijesinde, märekede aýat-doga okaýan mollalar ilatyň bu baradaky haýyşlaryndan ýüz öwürip başladylar. Şol bir wagtda, döwletiň garamagyndaky metjitlerdäki dini işgärleriň raýatlaryň sadakasyny sowmak üçin soraýan “aklygynyň” köpleriň güýç ýeterinden has köpdügi bellenilýär.
“Ýurduň beýleki künjeklerinde hem bolşy ýaly, Mary şäherinde-de adamlaryň toý-sadakasyny, ýasyny sowup berýän döwlet bilen ilteşigi bolmadyk mollalar bar. Olara adaty adamlaryň geçirýän çäresiniň barmaly güni aýdylsa, hiç hili gep-gürrüňsiz gelip aýat-töwür edip bererdiler” diýip, maryly ýaşaýjylaryň biri 21-nji martda gürrüň berdi.
Emma häkimiýetleriň soňky döwür metjide gatnaýan aýal-gyzlary soraga çekmegi, erkekleriň dini ynanjyna laýyklykda goýberen sakgallaryny syrdyrmagy, dini ybadatlaryny doly berjaý edýänlere arak içdirmegi ýaly ýagdaýlar, dindarlary ybadatlaryny köpçülikde has az berjaý etmegine iterdi.
“Biziň ýaşaýan sebitimizde adamlaryň ýasyna, toýuna çagyrýan 60 ýaşlaryndaky bir molla bardy.Bu türkana ýaşuly okan aýat-töwirleri üçin aklyk’ hem almaýardy.Gaýta tersine, beýleki mollalara hem pul bermezligi ündeýärdi.
Emma kimdir-biri onuň üstünden bu aýdanlary barada şikaýat edipdir.Ony bir aýyň dowamynda ençeme gezek ýerli MHM çagyryp, dini taglymatlar barada köp gürrüň etmezlik barada düşündiriş geçirdiler.
Mundan soň, ol ýüz tutup gelýän adamlaryň haýyşlaryndan ýüz öwürip başlady” diýip, söhbetdeşimiz belledi.
40 ýaşlaryndaky maryly raýat bu mollanyň ýakynda ýogalan kakasy üçin, howpsuzlyk aladalary sebäpli, tebärek çykyp bilmejegini aýdanyndan soň, şäherdäki Gurbanguly Hajy metjidine baryp, şol ýeriniň mollalarynyň biriniň gelmegini haýyş edendigini aýtdy.
“Metjide baranymda, ol ýeriniň kellesi selleli işgärleriniň biri: Bar, daşarda garaş.Häzir jaň edip, boş molla tapjak bolaryn’ diýip, gapynyň agzynda bir sagat çemesi garaşdyrdy.Soňra-da gelip, häzir boş mollanyň ýokdugyny, haýsysynyň wagty bolsa, özüniň jaň edip duýdurjakdygyny aýtdy. Şeýle-de mollanyň uzakly gün sadakada oturyp, aýat-töwür edip bereni üçin 60 manat töleginiň bardygyny aýtdy” diýip, ekerançylyk bilen meşgullanýan söhbetdeşimiz aýtdy.
Ol merhum kakasynyň belli gününe eýýäm adamlaryň çagyrylandygyny aýdyp, şeýle-de 60 manat tölemäge ýagdaýynyň ýokdugyny, ýöne onda-da molla maddy mümkinçiligine görä aklyk’ beriljekdigini düşündirmäge synanyşdy.
Emma metjidiň işgäri oňa: “Beýle bolsa, öz dogan-garyndaşlaryň arasyndan birini hem tapsaň bolar. Näme, her molla öz bilenini okar-da” diýip, jogap gaýtarýar.
Söhbetdeşimiz, şeýle-de habarçymyz bilen gürrüňdeş bolan beýleki ýerli ýaşaýjylar döwlet bilen ilteşikli, degişlilikde belli mollalaryň has köp barly adamlaryň sadakalaryna gidenini gowy görýändiklerini, üstesine-de diktatorlyk režimi barada öwgüli sözleri aýdýandyklaryny belleýärler.
Bu aýdylanlar boýunça Marynyň baş metjidinden, şeýle-de döwlet bilen ilteşikli käbir beýleki mollalardan kommentariýa almak başartmady.
Ýeri gelende bellesek, din azatlygyny berk çäklendirýän Türkmenistanyň häkimiýetleri resmi ýagdaýda hyzmatdaşlyk edýän mollalary başga dinlere garşy wagyz-nesihata çekýärler, şeýle-de märekede edilýän gürrüňler barada şugulçylyk etmäge iterýärler. Häkimiýetler bu çäreleri aç-açan boýun alyp, sebäplerini düşündirmeýärler.
Konstitusiýa laýyklykda dünýewi döwlet bolan Türkmenistanyň baş kanuny ýurt raýatlarynyň din azatlygyna kepil geçýär. Dine uýmagyň, dini däp-dessurlaryň we geýimleriň gadagançylygy kanunlarda agzalmaýar.
Muňa garamazdan, ýurt raýatlarynyň iş ýerinde namaz okamagyna ýa metjide gatnamagyna garşy çäre görülýändigi, dine uýýan raýatlaryň basyşlara we yzarlamalara sezewar bolýandygy barada Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary hem-de çeşmeleri indi ençeme ýyl bäri habar berip gelýärler.
Halkara hasabatlarynda Türkmenistanda din azatlygynyň ýagdaýyna ýyllarboýy iň pes baha berilýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.