Her bulgurda tehnologiýa: Braziliýa kofe önümçiligini döwrebaplaşdyrýar

Dünýäniň öňdebaryjy kofe öndürijileriniň biri bolan Braziliýada guraklyk sebäpli, kofe hasyly azalypdy. Bu bolsa dünýäde kofeniň bahasynyň ýokarlanmagyna getiripdir. Şeýle bolansoň, kofe öndüriji ýurtlar, göwrüm we hil taýdan iň gowy hasyly köpeltmäge we gaýtadan işlemäge kömek edýän tehnologiýalary ornaşdyrýarlar.

Maglumatlara görä, dünýäde her gün 1 milliard çaşka kofe içilýär.Olaryň köp bölegi Braziliýada ösdürilip ýetişdirilen we gaýtadan işlenen kofeden taýýarlanýar.Bu ýurduň iň uly kofe öndürijisi “Ipanema Coffees” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Kristiano Borges metbugat beýanatynda: “Braziliýa kofeleriniň meşhurlygy olaryň ýitiligi we özboluşly lezzete eýlenen tagamy bilen baglydyr” diýip belleýär. Şeýle-de ol: “Hut şonuň üçin-de biziň öndürýän kofe hasylymyz dünýädäki ençeme kofe garyndylary üçin esas hökmünde ulanylýar” diýip, sözüniň üstüni ýetirýär.

Dünýäniň kofe üpjünçiliginiň üçden birinden gowragy Braziliýada taýýarlanýar. Belläp geçsek, Braziliýanyň kofe ösümlikleriniň, takmynan, 70%-i has gymmat bolan Arabica kofesinden ybaratdyr. Ýurduň kofe önümçiliginiň galan 30%-ini, esasan, derrew kofe taýýarlamak üçin ulanylýan Robusta kofesi emele getirýär.

Dünýäde geljekde kofe önümçiliginiň azalmagyna getirip biljek howa şertleri göz öňünde tutulyp, Braziliýanyň kofe öndürijileri hil taýdan iň gowy hasyly üstünlikli ösdürmegiň barşynda, gaýtadan işlemäge ýardam berýän tehnologiýalary ulanmaga ýykgyn edýärler. Şeýle kompaniýalaryň biri bolan Okuýama kompaniýasynyň ýolbaşçysy girdejisiniň azyndan 10%-ini tehnologiýanyň emele getirýändigini belleýär. Şeýle tehnologiýalaryň işleýşi örän ýönekeý bolup, munuň üçin Ýerdäki sensorlardan we emeli hemralar arkaly alnan suratlardan peýdalanylýar. Şeýle-de planşet enjamynda ýa-da noutbukda plantasiýanyň wizual derňewini döretmek esasynda ulanylýar.

Kofe önümçiliginde şweýsar-hytaý agrotehniki kompaniýasy “Syngenta” tarapyndan işlenip düzülen “Cropwise Protector” programmasyndan peýdalanylýar.Tehnologiýa arkaly damjalaýyn suwaryş ýa-da zyýan berijilerden goramak ýaly çäreleri tutuş bir meýdanda däl-de, zerur bolup biljek belli bir çäklerde geçirmegiň has netijeli bolýandygy nygtalýar.

Oba hojalyk maksatly ulanylýan tehnologiýalaryň işleýşinde ekologiýa taýdan arassaçylyk babatda çemeleşmelere iňňän uly üns bermeklik talap edilýär.Bularyň hemmesi ýokary hilli we bol hasyl almaga ýardam edýär.

Ýurtda önüm öndürijiler 5G internet torlarynyň ornaşdyrylmagy netijesinde, internet birikmesiniň gowulanjakdygyny hem-de tehnologiýalaryň işleýşiniň ýokarlanjakdygyny ynam bilen aýdýarlar. Bu bolsa, dünýäniň iň esasy kofe üpjün edijisi bolan Braziliýanyň bu önüme bolan artýan islegi kanagatlandyrmagyna ýardam eder.

Arzygül HYDYROWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy

Ýene degişli makalalar

Kofeniň bahasy iň ýokary derejä ýetdi
Garaşylandan ýokary girdeji gazandy
Bagyr ýaglanmasynyň tebigy taýdan öňüni alyş usullary
Britan kofehanasynyň müşderileri gödeklik üçin iki esse töleýärler
Dünýäniň iň demirgazyk adasy aýsberg bolup çykdy
Kofe we palma ýagy ministrleri bellendi