Hepdelik dört günlük iş hepdesi ýola goýuldy

Angliýada üç müňden gowrak işgär hepdede dört gün işlär.Synag maksady bilen ýola goýlan bu düzgüniň çäklerinde işgärleriň aýlyklary hiç hili azaldylmaz.Alty aýyň dowamynda ýygnalan maglumatlar Kembrij uniwersitetiniň, Oksford uniwersitetiniň we Boston Kollejiniň bilermenleri tarapyndan seljeriler.

Bu başlangyç “4 Day Week Global” atly gurama tarapyndan durmuşa geçirilýär.Bu başlangyja 70 kompaniýa goldaw berip, jemi 3 müň 300 töweregi işgär gatnaşýar.Bu synagda işgärleriň iş netijeliligi bilen bir hatarda daşky gurşaw we gender deňligine täsiri hem ölçener.

Şeýle düzgün Şotlandiýada we Ispaniýada hem synagdan geçiriler.

Geçen ýyl şeýle synag Islandiýada hem geçirilip görlüpdi. Şol synagyň şowly tamamlanandygy mälim edilipdi.

Pandemiýa döwründe uzakdan işlemek üçin döredilen şertler we bu ugurda oňyn netijeleriň gazanylmagy şeýle düzgünlere bolan gyzyklanmany has-da artdyrdy.

Bu başlangyç barada ýylyň başynda habar berlipdi.

Ýene degişli makalalar

Dört günlük iş hepdesi ýola goýuldy
22-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Hakan Fidan 60-njy Mýunhen howpsuzlyk maslahatynyň çäginde ikiçäk duşuşyklar geçirýär
Islandiýada ýanardag çogmasy sebäpli şäheri göçürýärler
Türkmenistan ýadro howpsuzlygy boýunça halkara konwensiýalara goşuldy, Maryda sanly telefon ulgamy we GPON-a esaslanýan internet işjeň ornaşdyrylýar hem-de beýleki habarlar
Ýene bir ýygyndy Ýewropa çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy