Hepdäniň Syny

Hepdäniň Syny

NATO-nuň Wilnýusdaky sammiti soňky 10 ýylyň iň esasy sammitlerinden biri. Sammitiň öňe saýlanan ugurlaryň arasynda:-Şwesiýanyň agzalyk meselesi-Sebitleýin Goranyş/Howpsuzlyk Maksatnamasy/NATO-nuň harby düzümi-Ukrainanyň agzalygy we howpsuzlyk kepillikleri-Goranyş pudagynyň çykdajylary bardy. Ýewropanyň howpsuzlyk we goranyş ulgamy atlandyrylýan mesele bolsa diň şu sammitden soň konstruktiw häsýetde esaslandyrylar.

SETA-nyň Howpsuzlyk bölüminiň Direktory Professor Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Şwesiýa meselesinde garşylyklar dowam edýar. Wengriýa taýdan bökdençlikler aýrylyp bilner, emma Türkiýäniň garşylyklaryny ýekşenbe güni geçirilen üçtaraplaýyn maslahatdan soň aýyrandygy görülýär. Emma henizem agzalyk üçin edilmeli işler bar. Heniz sammitde Şwesiýa hiç kim hoş geldiň diýmez. Sebäbi garşylyklar aýrylan hem bolsa agzalyk tapgyry dowam eder.

NATO-nuň täze güýç gurluşy, ýaranlygyň geografik goranyş kategoriýasy, dessine el çekdirme, gyranyş we gerek bolan halatynda hüjüm boýunça täze gönükdiriş-gözegçilik we goranyş/çäre görüş güýjüniň sanlary bolsa iň möhüm meseleleriň hatarynda durýar.

Maksatnama amerikaly serkerde Kristafor Kawoliniň başyny çekýän topar tarapyndan taýýarlandy.Sowuk söweşden soň iň giň gerimli gury ýer goşuny döredilende, Sowuk söweşden soň NATO-nuň iň esasy özgertmesi iş ýüzüne geçer we Russiýa güýçli ýüzlenme berildigi bolar.

Emma maksatnama kabul edilende-de agza ýurtlaryň etmeli işleri köp.Esasanda käbir agzalaryň harby dolanşyk ulgamyny özgerdip, söweşe taýýarlamagy gerek bolar.Germaniýa bu meselede iň möhüm ýurtlaryň başynda durýar.

Yglan edilen we taryhda ilkinji bolup durýan Germaniýanyň milli howpsuzlyk strategiýasy Germaniýany Ýewropanyň hem-de dünýäniň syýasatynda gaýtadan esasy pozisiýa ornaşdyrmagy nazarda turýar. Şonuň bilen bilelikde nemes goşunlarynyň döwrebaplaşdyrylmagy we goranyş çykdajylarynyň artdyrylmagy Germaniýanyň öňünde durýan iň esasy tapgyr.

Sammitde Ukraina boýunça howpsuzlyk kepillikleri meselesinde bolsa NATO-nuň çäginde çözgüt tapylmagy mümkin däl.Britaniýanyň we Ýewropanyň bilelikdäki maskatnamasy iň amatly çözgüt bolup durýar häzirlikçe. Şeýle hem Ukraina harby kömek meselesi bolsa iň möhüm mesele.

Emma bu meseläni NATO-da gün tertibine getirmek beýle mümkin däl.Sebäbi umumy çarçuwa düzmek mümkin görünmeýär.Emma ok-däri ýetmezçiligini çekýän ukrain goşunlaryna gyssagly kömek berilmese, Russiýa gaýtadan operatiw üstünligi ele geçirer.

Kasset bombalarynyň ugradylmagy häzirlikçe tapylan çözgütlerden biri.Emma bombanyň düzümi göz öňünde tutulanda bu meseläniň ýakyn gelejekde jedelleşiklere sebäp boljakdygy mälim.

NATO agza ýurtlaryň goranyş çykdajylaryny artdyrmagy bolsa iň çylşyrymly mesellerden biri. 2 göterimlik çägi geçip bilmeýänler üçin azyndan iki ýyl bar. Ýewropanyň täze bir býujet taýýarlamagy gün tertibindäki çözgütlerden biri.

Emma bu meselede konsensus ýok.Germaniýa we Fransiýa ýaly Ýewropanyň güýçli ýurtlarynyň şol mukdary henizem geçmezligi, NATO üçin mesele bolup durýar.Sebäbi Germaniýa häzirki wagta çenli goşunyndan köp ykdysadyýetine maýa goýdy.

Fransiýa bolsa başga meseleleri çözmeli.

Bu sammit birnäçe jähtden möhüm. Hytaý boýunç nähili pozisiýanyň eýelenjekdigi, Russiýa meselesi, Ukrainanyň agzalyk islegi çözülmesi ýeňil meseleler däl. Nähili bolanda-da NATO düýpli özgertmeleri başdan geçirýär we şol özgertmeler dünýä syýasatyna täsir ýetirme potensialyna eýe.

Ýene degişli makalalar

Ukraina NATO-dan Gyssagly 19 Sany Howa Goranyş Ulgamyny Isledi
Uruşdan Soň Ýewropany Hyýal Etmek
75-nji ýylynda NATO
NATO iň çylşyrymly döwrüni başdan geçirýär
Russiýanyň Baş ştabynyň başlygy: "Günbatara garşylyk görkezeris" diýdi
“Finlýandiýanyň Türkiýäniň ÝB-ne Agzalyk Etabyna Güýçli Goldaw Bermegine Garaşýarys”
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny