Hepdäniň dowamynda Türkmenistanyň ähli sebitlerinde gar gatyşykly ýagyş ýagar

Hepdäniň dowamynda Türkmenistanyň ähli sebitlerinde gar gatyşykly ýagyş ýagar

Şu hepdäniň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň ähli sebitlerinde gar gatyşykly ýagyş ýagar. Bu Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatynda aýdylýar. Türkmenistan gazetinde çap edilen maglumatda şeýle diýilýär:

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 10 — 12 metrden 14 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -4... -6 gradus sowukdan +1... +3 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +2... +4 gradusdan +11... +13 gradus aralygynda maýyl bolar.

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 13 — 18 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0... -5 gradus sowukdan +2... +7 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +9... +14 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +6... +11 gradus maýyl bolar.

Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -3... -8 gradus sowukdan 0... +5 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine -1... +4 gradusdan +9... +14 gradus aralygynda maýyl bolar.

Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -5... -10 gradus sowukdan -1... +4 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine 0... -5 gradus sowukdan +8... +13 gradus aralygynda maýyl bolar.

Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -5... -10 gradus sowukdan -1... +4 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine -3... +2 gradusdan +8... +13 gradus aralygynda maýyl bolar.

Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -4... -9 gradus sowukdan -2... +3 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine 0... -5 gradus sowukdan +4... +9 gradus aralygynda maýyl bolar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda hepdäniň dowamynda ýagyş ýagmagyna garaşylýar
Şu hepde Türkmenistanda howanyň sowamagyna garaşylýar
Türkmenistanda howanyň -8 gradusa çenli sowamagyna garaşylýar
Türkmenistanda hepdäniň dowamynda ýagyşly howa bolar
Türkmenistanda hepdäniň başynda ýagyşly howa bolar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi