Hepdäniň aýagynda Türkmenistanda ýagşyň ýagmagyna garaşylýar, Ahalda Saglyk ýoly gurlar, Kazanda Türkmenistan awiakompaniýasynyň täze kassasy açyldy

Hepdäniň aýagynda Türkmenistanda ýagşyň ýagmagyna garaşylýar, Ahalda Saglyk ýoly gurlar, Kazanda Türkmenistan awiakompaniýasynyň täze kassasy açyldy

1. Hepdäniň aýagynda Türkmenistanda ýagşyň ýagjakdygy we howanyň temperaturasynyň peseljekdigi bellenilýär. Häzirlikçe käbir etraplarda + 40 41 gradusa ýetýän sentýabr aýy üçin adaty bolmadyk yssy howa garaşylýar. Ýekşenbe güni howanyň temperaturasynyň peselmek ähtimallygy ýokarydyr. Käbir etraplarda güýçli ýel we ýagyş mümkinçiligi bardyr.

2. Ahal welaýatynda umumy uzynlygy 6 müň 200 metre deň bolan Saglyk ýoly gurlar, täze dolandyryş merkeziniň gurluşyk işleri 950 ga meýdanda alnyp barylýar we ol Aşgabatdan 30 kilometr günorta-günbatarda ýerleşýär.

3. Kazanda TagraS-Biznes Trewel syýahatçylyk agentligi bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistan awiakompaniýasynyň awiakassasy açyldy. Onuň ýerleşýän salgysy: Dekabristler köçesi, 85 b, Relita işewürlik merkezi, 210-njy ofis. Häzirki wagtda Kazandan Türkmenabada dowamly howa gatnawlary ýola goýlandyr.

4. 20-nji sentýabrda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynyň Sergiler merkezinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli ýurduň ykdysadyýetiniň gazananlarynyň sergisi açylar. Sergide döwlet eýeçiligindäki we hususy eýeçilikdäki türkmen kärhanalarynyň iň gowy önümleri hem-de hödürleýän hyzmatlary bilen tanşyp bilersiňiz. Sergi 21-nji sentýabra çenli öz işini dowam eder.

5. Ýaponiýada tiz taýýarlanýan aşlary talabalaýyk gaýnatmak üçin ýörite enjam döretdiler. Tagamy talabalaýyk taýýarlamak üçin tabagy Makasetei enjamyna ýerleşdirmeli, enjamy suw bilen doldurmaly we wagt belläp işletmeli. Şeýle enjamyň bahasy $45.

6.Dubaýda Aý temaly adaty bolmadyk toplumy gurmak meýilleşdirilýär.Moon Dubai binasynyň umumy beýikligi takmynan 224 metr bolar, onuň 40 000 inedördül metrden ybarat ýanaşyk çäkleri bolsa Aý koloniýasyna öwrüler.

Aý toplumy myhmanhana otaglary, restoranlar we dükanlar bilen birlikde, geljekki astronawtlary taýýarlamak üçin ýörite merkez bilen üpjün ediler.Moon Dubai binasynyň gurluşygy takmynan 4 ýyl dowam eder we muňa 5 milliard dollar harçlanar.

7. Futbol boýunça Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy (U-20) Aziýanyň Kubogy 2023 çempionatynyň saýlama bäsleşiginiň jemleýji duşuşygynda Siriýadan ýeňildi we birinjiligiň final tapgyryna gatnaşmak hukugyndan mahrum boldy. Türkmenistanyň milli ýygyndysy özüniň saýlama toparynda Iordaniýany, Siriýany we Taýwany yzda galdyryp, 4-nji orny eýeledi.

8. Türkmen ýarymgoragçy Ruslan Mingazow Gonkongyň Premýer-Ligasynda Kitçi futbol toparynyň düzüminde ilkinji goluny geçirdi. Mingazow oýnuň 73-nji minudynda tapawutlanmagy başardy. Onuň topary Samsýoýpou toparyny birinji tapgyrda 10:0 hasabynda ýeňdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Arkadag medaly bilen sylaglandy, Halkbank kartdan karta pul geçirmek hyzmatyny ýola goýdy, Burak Özçiwit Aşgabatda geçiriljek film festiwalyna gatnaşar we beýleki habarlar
Türkmenistanyň futbol ýygyndysy BAE-niň çempiony bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi
Tomusky dynç alyş möwsüminde Türkmenistanyň ähli künjeklerinde 20 müňden gowrak çaga dynç aldy, Türkmenistanyň Prezidenti daýhanlary ýokary hilli bugdaý tohumy bilen üpjün etmegi tabşyrdy we beýleki habarlar
Kitçiniň Atletiko Madrid bilen geçiren duşuşygynda Ruslan Mingazow 100 göterimlik netije görkezdi
Türkmenistanyň we Türkiýäniň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, Daýhanbank Türkmenistanda hereket edýän bank kartlarynyň sany boýunça birinji orny eýeledi, Aşgabatda ku
Transfermarkt türkmen futbolçylarynyň bahasyny täzeledi
Şu minuda çenli Turkmenportal-yň esasy habarlary