Hepdäniň ahyrynda paýtagtymyzda geçiriljek medeni çäreler

30-njy sentýabrda sagat 19:00-da Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda nusgawy fransuz dramaturgy Žan-Batista Molýeriň Plutni Skapen (Haltada husyt) atly gyzykly komediýasynyň ilkinji görkezilişi bolar.

Merdan Handurdyýewiň rezissýorlyk eden spektaklynda mekir hyzmatkär Skapiniň hileleri barada gürrüň berilýär, şeýle hem söýgi, durmuş gurmak temalaryna degip geçilýär.

30-njy sentýabrda sagat 19:00-da Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri nusgawy saz muşdaklaryna Çaýkowskinyň 4-nji simfoniýasy we Dünýä simfoniki sazynyň ajaýyp eserleri atly konserte çagyrýar.

1-nji oktýabrda sagat 19:00-da “Watan” kinokonsert merkezinde Enjoy & friends atly konsert bolar. Konsert aýdym-saz hitlerini we meşhur rok ýerine ýetirijileriniň aýdymlaryny öz içine alýar.

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda:

30.09.2023: Gülki agşamy 19:00;

01.10.2023: Gülki agşamy 19:00.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda:

30.09.2023: Haltada husyt 19:00;

01.10.2023: Haltada husyt 19:00.

A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynda:

29.09.2023: Аршын мал алан 19:00;

30.09.2023: Приключения Худайберды 12:00;

30.09.2023: Исполнитель желаний 19:00;

01.10.2023: Золотой цыплёнок 12:00;

01.10.2023: Изобретательная влюблённая19:00.

Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatry:

30.09.2023: Janly heýkeller 19:00;

01.10.2023: Gülki agşamy 19:00.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň kazyýet edaralarynda işgärleriň ýerlerini üýtgetdi
Söýgi we hasrat atly sahna eseri halkara festiwala gatnaşyjylara görkezildi
Aşgabatda Molýeriň pýesasy esasynda taýýarlanan spektaklyň premýerasy bolar
Türkmenistan Germaniýa energetika pudagynda hyzmatdaşlygy teklipetdi, Sankt-Peterburgda türkmen esgerleri hatyralandy, Aşgabatda Molýeriň pýesasyna esaslanan spektaklyň ilkinji görkezilişi bolar we beýleki habarlar
Türkmen prezidenti kazylary, prokurorlary wezipä belledi
Arkadag şäherinde Döwlet daragty atly sahna eseriniň ilkinji görkezilişi boldy