
Liwerpulyň ýarym goragçysy we kapitany Jordan Henderson üç hepdeläp toparyna kömek berip bilmez. Bu kyn ýagdaýa onuň şikesi sebäp boldy.
Henderson Angliýanyň Premýer-ligasynyň 5-nji tapgyrynda Nýukasl bilen bolan duşuşykda şikes alypdy.
Ol şenbe güni 0:0 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanan Mersisaýd derbisine hem gatnaşyp bilmedi.