“Miwe” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine degişli “Hemsaýa” hojalyk jemgyýeti täze önümleri, ýagny kakadylan miweleri öndürip başlady. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.
“Hemsaýa” hojalyk jemgyýeti ekologiýa taýdan arassa we tagamly hasyldan taýýarlanylýan kakadylan görnüşindäki täze önümlerini Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) döredilmeginiň 16 ýyllygyna bagyşlanyp şu ýylyň 17-19-njy marty aralygynda geçirilen sergide tanyşdyrdylar.
Habarda bellenilişi ýaly, Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginde ýerleşýän hojalyk jemgyýeti tarapyndan geçen ýylyň güýzünde ilkinji gezek banan hasyly alnyp, bu ösümligiň miwesi müşderilere hödürlenilipdi.
“Hemsaýa” hojalyk jemgyýetine degişli ýerler ýüzlerçe gektara uzalyp, onda tejribeli bagbanlaryň birnäçesi zähmet çekýärler. Hususan-da, ol ýerlerde hurma, alma, şetdaly, garaly, armyt ýaly onlarça miweli baglar bilen bir hatarda, hoz, badam ýaly gury iýmiş agaçlary hem ösdürilip ýetişdirilýär.
“Hemsaýa” hojalyk jemgyýeti şu ýyl Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda banan önümçiligine niýetlenen ýene 10 gektar ýyladyşhanany işe başlatmagy meýilleşdirýär.