“Hemsaýa” 10 gektar ýerde banan ýyladyşhanasyny açmagy meýilleşdirýär

“Hemsaýa” 10 gektar ýerde banan ýyladyşhanasyny açmagy meýilleşdirýär

“Hemsaýa” hojalyk jemgyýeti şu ýyl Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda banan önümçiligine niýetlenen ýene 10 gektar ýyladyşhanany işe başlatmagy meýilleşdirýär. Bu barada telekeçi Döwletgeldi Ballyýewiň “Biznes reklama” gazetinde duşenbe güni çap edilen makalasynda habar berilýär.

Häzirki wagtda “Hemsaýa” hojalyk jemgyýetine degişli 5 gektar ýyladyşhanada bananyň “Kawendiş” görnüşi ýetişdirilýär we onda 40-dan gowrak hünärmen zähmet çekýär.

Türkmenistanda häzirki wagtda 90-100 gektar, sarp edilişiň geljekde 15 müň tonna çenli artmagy bilen 115-120 gektar ýyladyşhanada ýetişdirilen banany diňe içerki bazarda ýerlemäge mümkinçilik bar diýlip hasaplanylýar.

Mundan başga-da, “Ferhar” hojalyk jemgyýeti hem Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda banan önümçiligini giňden alyp barýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan 2023-nji ýylda 10 müň tonnadan gowrak banan import etdi
Türkmenistan 10 aýda 14 müň tonna golaý mäş eksport etdi
Pomidor eksporty: Ýylyň başyndan bäri 103 müň tonna golaý. Türkmenistanyň bu ýyl ýene-de rekordy täzelemegine garaşylýar
Türkmen telekeçisi: Türkmenistandaky ýyladyşhanalaryň 95%-i pomidor önümçiligine ýöriteleşendir
Türkmen-rus gatnaşyklary: bilim hyzmatdaşlygy, ýokary okuw kwotalary we hünär tejribeleriniň alyşygy
Türkmen telekeçisi “Ak çeşme” haryt nyşanly mesge ýagyny öndürip başlady