Hemmeleriň halaýan tagamy

Şokolad uludan-kiçä hemmäniň halaýan tagamy bolsa gerek.Onuň ata watany Günorta Amerika hasaplanýar.Bu tagam kakaodan taýýarlanýar.Taryhda ilkinji gezek 2 müň 600 ýyl ozal kokosdan şokolad öndürilip başlanandygy çaklanylýar.

Günorta Amerikada ilkinji bolup, olmekler kakao agajyny bu maksat bilen ýetişdiripdirler.Wagtyň geçmegi bilen maýalar bu agajyň tohumlaryndan peýdalanyp başlapdyrlar.Ilkibaşda şokolad suwuk tagam bolupdyr. Şokolad içgisi belli günlerde we baýramçylyklarda içilipdir.

XVI asyrda ispan jahankeşdeleri Orta Amerika syýahat edenlerinde olara astekler tarapyndan şokoladly içimlik hödür edilipdir. Şondan soňra ispan syýahatçylary bu içimligi Ýewropa getiripdirler.Bu içgi üwelen kakao tohumyndan taýýarlanypdyr. Şokolad sözi astek dilinde turşy içgi diýmegi aňladýan xocoatl sözünden gelýär.

Astekler bu tagamy dürli ysly otlary goşup içipdirler. Ýagny, ol süýji däl-de, ajy bolupdyr.Ispanlar bolsa şol içgä şeker goşup, süýjedip içipdirler.Häzirkilere meňzeş gaty şokoladlar bolsa, ilkinji gezek Angliýada taýýarlanyp başlanypdyr. Şeýlelikde, şokolad satýan dükanlar Ýewropanyň ähli ýerine ýaýrapdyr. 1700-nji ýyllarda iňlisler bu içgilere süýt hem goşupdyrlar.

Häzirki wagtda bolsa, şokoladyň dürli ir-iýmiş we beýleki önümler goşulan görnüşleri bar.

Kakao şokolad üçin esasy çig mal bolup hyzmat edýär.Bu ösümlik Günbatar Afrika, Günbatar hindi adalary we Günorta Amerikada ýetişýär.Bu agaçlar dört ýyldan soňra miwe berip başlaýar.

Boýy 4-10 metr aralygynda bolýan agaçlar ýylda iki gezek hasyl berýär.Adaty miweli agaçlardan tapawutlylykda onuň miweleri agajyň inçejik şahasyndan däl-de, ýogyn ýerinden çykýar.Kakao miwesi 35 santimetre çenli bolup bilýär.

Bir miwede 2,5 santimetrlik 20-40 sany tohum bar.Kakao miwesi şokolad ýasamak üçin guradylandan soňra zawodda gaýtadan işlenýär.Olar gowrulyp, üwelýär. Şondan soňra şokolad önümçiliginde peýdalanylýar.

Şokoladyň adam saglygyna peýdalydygy aýdylýar. Onuň düzüminde E we B witaminleri, demir, sink, mis, magneziýa, kaliý, kalsiý, fosfor ýaly elementler bar. Ony az mukdarda iýmek ýüregiň kadaly işlemegine täsir edýär. Şeýle hem bedeniň immunitetini güýçlendirýär. Uly ýaşlylarda şokolad ýüregiň işleýşinde we ýürek-damar keselleriniň öňüni almakda peýdalydyr.

Her ýylyň 7-nji iýuly şokolad güni hökmünde bellenilýär.Bu güne bagyşlanyp, dünýäniň dürli ýerlerinde şokolad festiwallary geçirilýär, gelen myhmanlara dürli görnüşli şokoladlar hödürlenýär.Köp ýerlerde bolsa, şokolad muzeýleri hereket edýär.

Belgiýada bolsa, Belgiýa şokolad obasy atly muzeý olaryň iň meşhury hasaplanýar.Belgiýa dünýäniň iň naýbaşy şokoladlaryny öndürýän ýurtlaryň biri hasaplanýar.Bu ýere gelen myhmanlara şokoladyň nähili taýýarlanylyşy barada jikme-jik gürrüň berilýär.

Şokolad bilen bagly

gyzykly maglumatlar

Dünýäde iň köp Şweýsariýada we Angliýada sarp edilýär.

Irki döwürde astekler kakao tohumlaryny pul birligi hökmünde ulanypdyrlar.

Kakao agajynyň ömrüniň dowamlylygy 200 ýyl töweregi bolup, olar 25 ýyl hasyl berýär.

Şokoladyň düzüminde köp mukdarda demir bolýar.

Şokoladyň düzümindäki ýagda holesterin bolmaýar.

XVIII asyrda lukmanlar kakao ýagyny süýt bilen garyp, derman hökmünde ulanypdyrlar.

Kakao hasylynyň 70 göterimi Afrika ýurtlaryndan alynýar. Kot-d’Iwuar dünýäniň iň köp kakao öndürilýän ýurdudyr.

Şokolad 34 göterim ýylylykda ereýär.

Ýene degişli makalalar

'Gorky şalygynda zor bilen ýitirim edilenleriň ykbaly' hukuk bozulmalarynyň gerimini açyp görkezýär
Dürli halklardaky yrym-ynançlar
8 asyrlyk däp: guwlar sanalýar
Kim, haçan oýlap tapdy?
Gazagystanda Möhletinden Irki Prezident Saýlawlary Geçirilýär
Sanly bilim ulgamy ösdürilýär
Ysraýylda Irki Saýlaw Geçirilýär