Hemmämiziň borjumyz

Şu günler howanyň aşa gyzmagy bilen baglylykda, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy ýaşaýyş jaýlarynda, iş ýerlerinde elektrik we gaz enjamlaryny talabalaýyk gurnamaga, ulanmaga we ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmäge çagyryp, şulary ýatladýar:

Işläp duran elektrik we gaz enjamlaryny gözegçiliksiz galdyrmak örän howpludyr.Elektrik sarp edijiligi ýokary bolan elektrik enjamlar gurnalanda elektrik tok ulgamy aýratynlykda geçirilip, elektrik tok geçiriji ugrunda goraýjy oturdylyp, olaryň işleýän wagty gözegçilikde saklanmaly.

Elektrik enjamlar gurnalanda, elektrik geçirijileriň sütünleri berkidilende ýönekeý usulda sarap goýmak gadagan edilýär.Enjamlaryň birikdirijileriniň elektrik togunyň garşylyklaýyn geçip, gyzmaklygynyň öňüni almak üçin, olaryň berk gysylyp durmagyny üpjün etmeli.

Elektrik togy bilen işleýän enjamlar gurnalanda, ulanylanda elektrik setini köp işletmek, elektrik geçirijileriň, enjamlaryň goraýjylaryny näsaz ýagdaýda saklamak ýa-da olara bölek sim sarap ulanmak, elektrik geçiriji simleriň daşky örtükleriniň zaýalanan görnüşlerini ulanmak talabalaýyk däldir.

Elektrik enjamlary gurnamaklyk diňe şol ugurdan işleýän hünärmen tarapyndan amala aşyrylmalydyr, enjamlaryň iş ýagdaýlaryna yzygiderli gözegçilik edilmegini ýola goýmaly.

Mähriban ildeşler! Ýangyny gören ýa-da duýan wagtyňyz, howsala düşmän öý ýa-da iş telefonyndan 01, öýjükli ykjam el telefonyndan 001 belgä jaň edip, habar bermeli.Elektrik we gaz enjamlary gurnalanda hem ulanylanda ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini dürs berjaý etmek ýüze çykyp biläýjek hadysalaryň öňüni alar. Çünki, ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek, howpsuzlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen anyk çäreleri ýerine ýetirmekden ybaratdyr.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň wagyz-nesihat bölümi.

Ýene degişli makalalar

Keniýadaky internat mekdepleriň birinde ýangyn boldy
Ýaş ýangyn söndürijileriň arasynda ýaryş geçirildi
Ýangyn howpsuzlygy gullugy awtobusda dörän ýangyny wagtynda söndürip bilmedi
Kaliforniýanyň Butte Sebitinde Ýangynlar Sebäpli Adatdan Daşary Ýagdaý Dolanşygy Yglan Edildi
Ýakutiýada Tokaý Ýangynlary Sebäpli Adatdan Daşary Ýagdaý Dolanşygy Yglan Edildi
Türkiýäniň üç ülkesinde tokaý ýangynlary dowam edýär