Formula-1-iň ýedi gezek çempiony britaniýaly Lýuis Hemilton bilen dünýäniň öňki birinji raketkasy amerikaly Serena Uilýams Londonyň Çelsi futbol klubuny satyn almagy göz öňünde tutýan konsorsiumyň düzümine goşuldy. Bu barada Sky News habar berýär.
Çeşmäniň maglumatlaryna görä, türgenler “Liwerpulyň” öňki prezidenti Martin Brotonyň ýolbaşçylygyndaky arza üçin, takmynan, 10 mln funt sterlingden goşmaga razy boldular. Şeýle-de, konsorsiuma Bütindünýä ýeňil atletika assosiasiýasynyň (World Athletics) ýolbaşçysy Sebastýan Kou hem girýär.
Konsorsiumyň meýilnamalaryna görä, “Çelsiniň” paýnamalarynyň gözegçilik bukjasyna Harris Blitzer Sports & Entertainment (HBSE) maýa goýum kompaniýasy eýeçilik eder. Bu kompaniýa amerikalylar Joş Harris bilen Deýw Blitser ýolbaşçylyk edýär. Olar Londonyň “Kristal Pelas” futbol klubuna hem eýeçilik edýärler. Bellenilişi ýaly, “Çelsini” satyn almazdan öň Harris bilen Blitser Angliýanyň premýer-ligasynyň klubunyň minoritar paýnamalar bukjasyndan ýüz öwürmeli bolar.
10-njy martda Birleşen Korollygyň häkimiýeti “Çelsiniň” eýesi Roman Abramowiçe garşy sanksiýa girizdi. Angliýanyň premýer-ligasy Abramowiçi 2003-nji ýyldan bäri eýeçilik edýän “Çelsi” klubuny dolandyrmakdan boşatdy. Abramowiç “Çelsiniň” ýolbaşçylygyny haýyr-sahawat gaznasyna tabşyrdy we kluby satmak barada netijä gelendigini aýtdy. Britan hökümeti satuw ygtyýarnamasyny tassyklamaly, ýöne ol Abramowiçe girdeji almaga ýol bermez.