“Heläkçilikde Ýogalanlara Alladan Rehnet, Hossarlaryna Sabyr, Ýaralananlara Şypa Dileýäris”

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Mustafa Şentop, Bartynda bolan magdan heläkçiliginde ýogalanlar üçin gynanç bildirdi

TBMM-niň başlygy Şentop, Türkiýäniň Daşkömürü edarasynyň çäginde iş alyp barýan magdan käninde bolan partlama sebäpli Bartynyň häkimi Nurtaç Arslana telefon edip heläkçilik hakynda maglumat aldy.

Mustafa Şentop, magdan heläkçiliginde ýogalanlara Alladan rehnet, hossarlaryna sabyr, ýaralananlara şypa diledi.

Şentop, magdan heläkçiligi sebäpli Twitterden beren habarnamasynda “Heläkçilikde ýogalanlara Alladan rehnet, hossarlaryna sabyr, ýaralananlara şypa dileýärin” diýdi.

Şentop “Harabalygyň aşagynda dogan doganlarymyzyň sag aman halas bolmagy we heläkçilikde ýogalanlaryň sanynyň artmazlygy üçin doga edýäris. Eziz halkymyza gynanç bildirýäris” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Türkiýe Gwatemala Gynanç Bildirdi
Eýranda Bolan Awtobus Heläkçiliginde Pakistanly 28 Adam Ýogaldy
Garabogazda ýol heläkçiliginde Ýokary gözegçilik edarasynyň iki işgäri heläk boldy
Aşgabat-Daşoguz gara ýolunda bolan ulag hadysasynda dokuz adam heläk boldy
Nepalyň howa gullugy edarasy uçar heläkçiliginde 18 adamyň pida bolandygyny tassyklady
Günorta Koreýada Bolan Ýol Heläkçiliginde 9 Adam Ýogaldy
Fransiýada Bolan Uçar Heläkçiliginde 3 Adam Ýogaldy