Hekim Agamämmedow dzýudo boýunça Ýewropanyň açyk çempionatynyň çempiony boldy

Hekim Agamämmedow dzýudo boýunça Ýewropanyň açyk çempionatynyň çempiony boldy

Türkmenistanly dzýudoçy Hekim Agamämmedow Ýewropanyň açyk çempionatynda ikinji altyn medalymyzy gazandy. Ol Awstriýanyň Oberwarte şäherinde geçirilýän çempionatda 66 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykdy.

Deslapky tapgyrda fransiýaly Seýma Lueti, slowakiýaly Mateýem Polýaky we niderlandly Iwo Werhosteri ýeňen ildeşimiz ýarym finalda we finalda gazagystanly dzýudoçylar bilen tutluşdy. Has takygy, ol ýarym finalda Aýbolar Ystybaýy, finalda bolsa ýermek Amangeldini ýeňdi.

23 ýaşly dzýudoçynyň awgust aýynda Türkiýe Respublikasynda geçirilen Yslam Raýdaşlyk oýunlarynda bürünç medala mynasyp bolandygyny ýatladýarys.

Ýewropanyň açyk çempionatyna Türkmenistandan 28 dzýudoçy wekilçilik edýär. Olaryň 16-sy erkekler, 12-si zenanlardyr. Çempionatdaky ilkinji altyn medalymyzy 60 kilograma çenli agram derejesinde Hakberdi Jumaýewiň gazanandygyny ýatladýarys.

Ýene degişli makalalar

Türkmen dzýudoçylar Tel-Awiw Gran prisine gatnaşar
Türkmenistanly dzýudoçylar 2023-nji ýyldaky ilkinji halkara synagyna şu ýylda çykarlar
Dzýudo boýunça Türkmenistanyň ýygyndysynyň Katarda geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşjak düzümi belli boldy
Türkmenistanly dzýudoçylar Parižiň Uly tuwulga ýaryşyna gatnaşarlar
Dzýudo boýunça dünýä çempionatyna Türkmenistandan 8 türgen gatnaşar
Türkmen dzýudoçylar Ýewropada 2 altyn medal gazandy
Türkiýe Türkmenistanyň raýatlary üçin wagtlaýyn wiza düzgünini girizer, Aşgabatda döwrebap zeýkeş ulgamy dörediler, Ahal welaýatynda hususyýetçileriň täze senagat zolagy dörediler