Hekem kärhanalar topary IT kompaniýasy üçin intellektual eýeçiligiň toplumlaýyn bahalandyrmasyny tamamlady

Hekem kärhanalar topary IT kompaniýasy üçin intellektual eýeçiligiň toplumlaýyn bahalandyrmasyny tamamlady

Hekem kärhanalar topary ýaňy-ýakynda IT-audite, web saýtlary we mobil goşundylary işläp düzmäge ýöriteleşen Joşgunly Nesil hojalyk jemgyýeti üçin intellektual eýeçiligi bahalandyrmak boýunça möhüm taslamany tamamlady. Joşgunly Nesil dürli edaralaryňdyr guramalaryň IT infrastrukturasynyň howpsuzlygyny we netijeliligini üpjün etmekdäki goşantlary bilen tanalýar. Bahalandyrmagyň esasy obýekti bolup IT ulgamlaryň funksionirlenmeginde möhüm hyzmaty ýerine ýetirýän programma üpjünçiligi boldy.

IT pudagynda intellektual eýeçilige, aýratyn-da, programma üpjünçiligine baha bermek, tehniki taraplara, şeýle-de kanunçylyk aýratynlyklaryna çuňňur düşünmegi talap edýär.Bu babatda Hekem kärhanalar toparynyň öňünde Joşgunly Nesil HJ tarapyndan olaryň professional işleriniň bir bölegi hökmünde işlenip düzülen we ulanylýan programma üpjünçiliginiň bahasyny kesgitlemek wezipesi kesgitlenildi.

Bu programma üpjünçiliginiň bazar bahasyna, özboluşly häsiýetnamasyna we işewürlik üçin uzak möhletleýin bahasyna baha bermegi öz içine alýardy.

Bahalandyrmak işinde Hekemiň hünärmenleri şu aşakdaky esasy şertleri göz öňünde tutdular:

1. Tehnologiki häsiýetli aýratynlyklary: programma üpjünçiliginiň funksional mümkinçilikleri we häzirki zaman bazar talaplaryna laýyklygy seljerildi.

2. Innowasion gymmaty: Programma üpjünçiliginiň bazardaky bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek üçin özboluşly funksiýalaryna aýratyn üns berildi.

3. Ýuridik goraglylyk we awtorlyk hukugy: Bahalandyrma programma üpjünçiliginiň hukuk goraglylygyny, şol sanda patentler, awtorlyk hukuklary, ygtyýarnama şertnamalary we beýleki kanuny aspektler ýaly kanuny goragyň seljermelerini öz içine aldy.

4. Bazar potensialy: hünärmenler programma üpjünçiligini mundan beýläk-de täjirleşdirmegiň geljegine, oňa bazarda bolan islege we beýleki iş segmentlerinde ygtyýarnamalaşdyrmak ýa-da ulanmak mümkinçiligine baha berdiler.

Hekemiň işi Joşgunly Nesil HJ-niň programma üpjünçiligi üçin takyk bahany kesgitlemekde oňyn netije berdi. Bu bahalandyrma müşderä diňe bir esasy aktiwiniň hakyky bahasyny kesgitlemäge däl, eýsem, intellektual eýeçiligi mundan beýläk-de dolandyrmak üçin strategiýalary düzmäge mümkinçilik berdi.

Hekem kärhanalar toparynyň hünärmenleri intellektual eýeçilige baha bermegiň, esasan-da IT pudagynda bahalandyrmagyň toplumlaýyn çemeleşmegi talap edýändigini nygtaýarlar. Hekem ýerine ýetiren işleriniň müşderiniň kompaniýasynyň ösüşine möhüm goşant goşandygyna, intellektual baýlyklara dogry baha bermäge we netijeli peýdalanmagyna ýardam edendigine hoşaldygyny mälim edýär.

Hekemiň baha berijileriniň professionalizmi degişli diplomlar we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan berilýän hökmany şahadatnama bilen tassyklanylýar.

Maslahat almak we Hekem bilen şertnama baglaşmak üçin şu aşakdaky salgylara ýüz tutup bilersiňiz:

Habarlaşmak üçin:

Ýene degişli makalalar

Alaja ykjam programmasy siziň hyzmatyňyzda
BEÝIK MAGTYMGULYNYŇ ÝADYGÄRLIGI BELENTDEN SELEŇLÄP GÖRÜNÝÄR
Jan Tehnologiýa Türkmentel-2024 sergisinde innowasion sanly çözgütlerini tanyşdyrar
Aşgabatdaky robot ýaryşlary we dünýädäki emeli intellekt aljyraňňylygy’
Aşgabatda DevFest 23 festiwaly geçirildi
Türkmenstandartlary baş döwlet gullugynyň Dubaýda okuw saparynda bolan işgärleri ETHICAL HACKING V12 şahadatnamalaryny aldylar