Hekaýasyny ekranlaşdyrmaga rugsat berdi

Meşhur amerikan ýazyjysy Stiwen King “Elini uzatmaýan adam” atly hekaýasyna bolan hukugy S.A. Gerasimow adyndaky Bütinrussiýa döwlet kinematografiýa institutynyň Özbegistandaky filialynyň talyby Gulnara Iwanowa 1 dollara satdy we ol hekaýanyň esasynda film surata düşürdi. Bu barada režissýor RTVI teleýaýlymynda gürrüň berdi.

Gülnara Iwanowanyň aýtmagyna görä, ol Kingiň dünýäniň dürli künjeklerinden ýaňy režissýorlyk işine başlanlara öz eserini ulanmaga rugsat berýän “Dollar Baby” programmasyna gatnaşdy.

Netijede, Gülnaranyň ekranlaşdyran filmi Malaýziýada geçirilen “Nitiin International Film Festival” kino festiwalynda “Iň gowy triller” kategoriýasynda ýeňiji boldy. Şol çärede Gulnara, “Student World Impact Film Festival” diplomyna eýe boldy. Stiwen Kingiň 1981-nji ýylda döreden bu eserinde eli degen her bir adamyň dünýäsini täzeleýändigi sebäpli, adamlar bilen el gysyşmakdan ýüz öwren Genri Brouer barada gürrüň berilýär.

Stiwen King öz eserleriniň birnäçesi üçin awtorlyk hukugyny 1 dollara satdy. Satyn alanlaryň arasynda aktýor Ben Stiller we režissýor Darren Aranofski hem bar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Kakalarynyň gyzlary, ýa-da Merkezi Aziýada prezident gyzlarynyň öňe çykmagy
Türkmenistanyň agyr atletika boýunça ýetginjekler ýygyndysy Meksikada geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň at gazanan halyçysy diýen hormatly ady dakmak hakynda Permany
Singapurda täze zawod gurar
Türkmenistanyň alyş göreşi boýunça milli ýygyndysy Aziýanyň çempionatyna gatnaşar