2018-nji ýylyň 1-3-nji oktýabry aralygynda “Awaza” MSZ-nyň Kongress merkezinde Heavy Caspian: Turkmenistan I halkara maslahaty geçiriler. Forumda Türkmenistana agyr we umumy ulanylýan ýollardan daşap bolmaýan ýükleri daşamagyň hem-de olary oturtmagyň meselelelri, şol sanda Türkmenbaşy portunyň mümkinçilikleri, gara ýollar we demir ýol düzümleriniň ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşylar.
Makroykdysady görkezijileriň durnukly ösüşi, ýangyç-energetika pudagynyň sazlaşykly ösüşi, maliýe bazarynyň durnuklulygy, ykdysady konýukturanyň üýtgemegine çeýe seslenilmegi, ýokary maýa goýum işjeňligi, gurluşyk pudagynyň we ulag-logistika düzümiň çalt depginli ösüşi, şeýle hem geografiýa taýdan amatly ýerleşişi we Türkmenbaşynyň halkara portunyň ýagdaýy hem-de mümkinçilikleri babatda Türkmenistan ýük daşamak ulgamynda iş alyp barýan dünýä işewürleriniň ünsüni özüne çekýär.
Forumda Türkmenistanyň logistika birleşiginiň, Demir ýol ulaglary ministrliginiň, Awtomobil ulaglary ministrliginň we ýurdumyzyň beýleki ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn edaralarynyň wekilleriniň çykyşlary meýilleşdirilen.
Agyr we gabarasy bellenilen çäkden uly ýükleri daşamak ulgamynda öňdebaryjy halkara kompaniýalarynyň biri bolan Heavy World kompaniýasy forumyň guramçysydyr, dünýäde ýük dolanşygy babatda abraýly bilermenleri çekmek arkaly ulag-logistika ulgamynda netijeli çözgütleri işläp taýýarlamak üçin halkara söhbetdeşlik meýdançasyny ilerletmek onuň alyp barýan iş ugurlarynyň biridir.
Maslahatyň baş hemaýatkäri Türkmenistanyň Yük ulag merkezi ulag-ekspeditorçylyk kompaniýasydyr, ol gabarasy bellenilen çäkden uly ýükleri daşmaga ýörüteleşendir we GDA, Baltika, Pars aýlagy ýurtlarynyň ugurdaş kompaniýalary bilen özara hereketde uly tejribe toplan kompaniýadyr.