Gazylyp alynýan ýangyjyň esasy üç görnüşi nebite, tebigy gaza we kömre isleg 2030-njy ýyla çenli iň ýokary derejä ýeter diýlip, Halkara Energetika agentliginiň täze synynda aýdylýar. Bu barada Interfax.ru habar berdi.
Bu agzalan döwürden soňra islegiň kemelmeginiň sebäpleri hökmünde gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriň çalt ýaýramagy we elektrik awtoulaglaryň sanynyň artmagy görkezilýär.
Ýagdaý bilen baglylykda, gazylyp alynýan energiýa çeşmeleri boýunça giň möçberli taslamalar diňe bir howa töwekgelçilikleri babatda däl, eýsem, maýa goýum babatda-da ätiýaçlanma döredýär diýip, Birol nygtady.