HEA 2025-nji ýylda Ýewropada tebigy gaza islegiň artjakdygyny çaklaýar

HEA 2025-nji ýylda Ýewropada tebigy gaza islegiň artjakdygyny çaklaýar

Tebigy gaza dünýä islegi 2025-nji ýylda Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda suwuklandyrylan gaz ugrunda bäsleşigiň artmagy bilen baglylykda, rekord derejä ýeter. Bu barada Halkara Energetika agentliginiň (HEA) hasabatyna salgylanýan Bloomberg neşiri habar berdi.

Çarşenbede çap edilen hasabata görä, Ýewropa 2025-nji ýylda suwuklandyrylan gazyň has köp importy gerek bolar, bu bolsa, bazaryň dartgynlylygyna we Aziýa bilen nyrh babatda ýeňillikleriň çäklendirilmegine getirer.

Agentligiň çaklamalaryna görä, Ýewropada gazyň sarp edilişi bu ýyl geçen ýyldaky bilen deňeşdirilende, 2 göterim azalyp biler. Senagat islegi dikeldi, emma ol henizem krizisden öňküden pes bolmagynda galýar. Şol bir wagtda gazyň energiýa pudagynda ulanylmagy gaýtadan dikeldilýän çeşmelere islegiň güýçlenmegi bilen baglylykda peselmegini dowam edýär. 2025-nji ýylda gaza isleg Ýewropada 1 göterim ýokarlanyp biler.

2025-nji ýylda tebigy gaza islegiň artmagynda Aziýa esasy hereketlendiriji bolmagynda galar.

Ýene degişli makalalar

JOINT STATEMENT FOLLOWING THE 4TH MEETING OF SPECIAL REPRESENTATIVES AND ENVOYS FOR AFGHANISTAN IN THE "CA-EU" FORMAT IN ASHGABAT
A MEETING OF SPECIAL REPRESENTATIVES FOR AFGHANISTAN IN THE "CA-EU" FORMAT WAS HELD AT THE MINISTRY OF FOREIGN AFFAIRS OF TURKMENISTAN
Russiýanyň kärhanalarynda iş ugurlary boýunça ýiti ýetmezçilik duýulýar
Coca-Cola alyjylary ýalňyşdyrmakda aýyplandy
Huawei-iň akylly sagatlary we gulaklyklary žurnalistleriň baýraklaryna eýe boldy
HUMANITARIAN COOPERATION IS ONE OF THE MOST IMPORTANT COMPONENTS OF THE POLICY OF NEUTRALITY OF TURKMENISTAN