Nemes syýasy partiýasy Hristian-demokratik bileleşigine mundan beýläk Annegret Kramp-Karrenbauer ýolbaşçylyk eder.Täze lideri Gamburgda geçirilen partiýa gurultaýynda saýladylar.Ol bu wezipä Germaniýanyň kansleri Angela Merkeliň ýerine geçdi.
Saýlawlaryň ikinji tapgyrynda Kramp-Karrenbauer sesleriň 517-sine, onuň esasy bäsdeşi konserwatorlaryň parlament fraksiýasynyň ozalky başlygy Fridrih Merse hem sesleriň 482-sine eýe boldy.Saýlawlaryň birinji tapgyrynda üçünji wekil saglygy goraýyş ministri Ýens Şpan hem bolup, onda ýeňiji mälim edilmändi.Annegret Kramp-Karrenbauer 1962-nji ýylyň 9-njy awgustynda Fransiýa we Lýuksemburgyň araçäklerine golaý ýerleşýän Saar topraklarynda dünýä inýär.
Ol 1981-nji ýylda HDB-niň agzasy bolýar.Saar Landtagyndaky (ýerli mejlis) HDB-niň şahamçasynda işläp, ýerli hökümetde dürli wezipeleri eýeleýär.Ol 2018-nji ýylyň fewralyna çenli Saardaky ministrler kabinetine ýolbaşçylyk edýär.
Soňky 9 aýyň içinde Kramp-Karrenbauer HDB-niň baş sekretary bolup, ony bu wezipä Angela Merkel hödürledi.Germaniýanyň belli syýasy bilermenleri bileleşigiň bu täze başlygynyň Merkeliň ýoluny dowam etdirjekdigini çak edýärler.
Mundan ozal, Angela Merkel 2021-nji ýylda Germaniýanyň federal kansleriniň hem-de HDB-niň başlygynyň wezipesine öz dalaşgärligini hödürlemejekdigini mälim edipdi.