Germaniýanyň dolandyryjy Hristian demokratik bileleşigi (HDB) partiýasynyň saýlawdan öňki şygary partiýanyň maslahatynda tassyklanyp, ol Germaniýany bilelikde galkyndyralyň!diýlip atlandyrylýar.Bileleşik saýlawdan öňki kampaniýasynyň resmi tapgyryna başlady.
Berlinde geçirilen metbugat ýygnagynda Biziň şu wagta çenli geçiren saýlaw kampaniýamyzyň arasynda bu sanly ulgam arkaly amala aşyrylany bolar diýip bellän sagçy partiýanyň baş sekretary Paul Ziemýak saýlawçylary çekmekde sosial ulgamlaryň aýratyn ähmiýete eýe bolmagyna garaşylýandygyny aýtdy.
Poçta býulletenleri saýlawlarda aýgytly rol oýnar. Mundan başga-da, býulletenleri sanamak üçin alty hepde gerek bolar.
Poçta arkaly ses berişligiň başlamagy bilen biziň üçin her gün saýlaw kampaniýasy hasaplanar diýip, Paul Ziemýak aýtdy.
HDB tarapyndan kanslerlige dalaşgär Armin Laşet häzirki wagtda partiýanyň dogan partiýasy Hristian sosial bileleşiginiň (HSB) lideri Markus Zýoder bilen ýurt boýunça sapar edýär. Iki lider hem işinden çekilýän Kansler Angela Merkeliň mirasdüşeri bolmagy maksat edinýärler.
Germaniýada Parlament saýlawlary şu ýylyň 26-njy sentýabrynda geçiriler.Bu syýasy çärede Bundestagyň (Germaniýanyň Federal Parlamenti) 20-nji çagyrylyşynyň agzalary saýlanar, soňra bolsa ýurduň täze Kansleri saýlanar.Bu 2005-nji ýyldan bäri Hristian demokratik bileleşigine Angela Merkeliň ýolbaşçylyk etmeýän ilkinji saýlawy bolar. Şeýle-de Germaniýanyň taryhynda kagyz görnüşinde ses berlen iň soňky Parlament saýlawy bolup, ondan soňrakylaryň hemmesiniň sanly ulgam arkaly geçiriljekdigi habar berilýär.
HDB-niň başlygy Angela Merkel dört gezek Germaniýanyň Kansleri wezipesine saýlandy.Angela Merkel Kansler wezipesine täze möhletden ýüz öwrenden soň, 2018-nji ýylyň ahyrynda HDB-niň täze başlygy Annegret Kramp-Karrenbauer boldy. Ýöne ol 2020-nji ýylyň 10-njy fewralynda özüni Kansler wezipesine hödürlemejekdigini habar berdi. Şeýlelikde, şu ýylyň 16-njy ýanwarynda Armin Lasşet HDB-niň täze lideri boldy.