Fransiýaly hünärmen Zinedin Zidan “PSŽ-niň” ýolbaşçylygy bilen toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilmegi barada ylalaşyk gazandy. Bu barada “Mundo Deportivo” habar berýär diýip, championat.com belleýär.
Çeşmäniň maglumatlaryna görä, 49 ýaşly Zidan 2022-nji ýyldaky dünýä çempionatyndan soň Fransiýanyň milli toparynda wezipä bellenen halatynda klubdaky we milli ýygyndydaky wezipelerini utgaşdyrmak mümkinçiligi bilen üç ýyllyk şertnama baglaşar.
Habar berlişi ýaly, Kataryň hökümeti hem fransuz ýygyndysy üçin hemaýatkärlik teklibini taýýarlaýar.Zidanyň wezipä bellenendigi barada iýun aýynyň ahyrynda yglan etmek meýilleşdirilýär.Hünärmen täze toparda 25 mln ýewro alyp, öň habar berlişi ýaly, dünýäniň iň ýokary hak alýan tälimçisi bolar.
Zidan argentinaly Maurisio Poçettinonyň ornuny çalşar.