Ýaponiýanyň Mitsubishi Motors awtokonserni noýabr aýynda 2021-nji ýylyň martynda önümçiligi togtadylan Minicab-MiEV modelli elektromobilleriniň söwdasyny täzeden dikelder. Bu barada duşenbe güni NHK teleýaýlymy habar berdi.
Öň önümçiligi togtadylan ulag serişdesiniň satuwynyň täzeden dikeldilmegi "aýratyn ýagdaý" hasaplanýar diýip teleýaýlym belleýär. Şonuň bilen birlikde, alyjylaryň kömürturşy gazynyň zyňyndylarynyň möçberini azaltmaga jan edýändikleri üçin elektromobillere bolan islegiň artmagy bilen bagly, şeýle-de dünýä bazarynda hytaý öndürijileriniň täsiriniň güýçlenýändigi sebäpli Mitsubishi degişli karary kabul etdi diýip, NHK nygtaýar.
Minicab-MiEY ilkinji gezek 2011-nji ýylda çykdy.Onuň batareýasy bir gezek alan zarýady bilen takmynan 133 km ýol geçip bilýär. Ýanwar aýynda Renault-Nissan-Mitsubishi awtoulag alýansy elektromobil tehnologiýasynyň ösüşine bäş ýylyň dowamynda 23 mlrd ýewro maýa goýmak meýliniň bardygyny aýtdy.
Degişli çäreler 2030-njy ýyla çenli elektromobilleriň 35 sany täze modelini döretmäge mümkinçilik döreder diýip garaşylýar.