Her ýylyň 12-nji awgustynda Hazar deňziniň güni hazarýaka döwletler tarapyndan bellenilýär
Awaza milli syýahatçylyk zolagy gojaman Hazaryň kenarynda döredilen ajaýyp ýer bolup, dünýä syýahatçylygynyň merjenidir.Hazaryň kenaryndaky Awaza milli syýahatçylyk zolagynda gurlup ulanmaga berlen sagaldyş we dynç alyş merkezleri, myhmanhanalar, döwrebap kottejler toplumlary, Awaza şypahanasy, Awaza akwaparky adamlaryň gowy şertlerde dynç almagy, saglygyny berkitmegi üçin döredilen mümkinçiliklerden nyşan.
Bu ýerde dynç almak isleýänleriň sany her möwsümde yzygiderli artýar.
Deňiz suwy bejeriş häsiýetli tebigy serişdedir. Hazar deňziniň şypaly suwy, ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynyň hoştap howasy ynsan bedenini taplamakda möhüm ähmiýete eýedir. Deňiz kenarynda gezelenç etmek ukyny kadalaşdyrýar, ýürek-damar ulgamyna oňyn täsir edýär. Deňiz suwunyň düzümindäki duzlaryň hem bejerijilik häsiýeti örän uludyr.
Deňiz bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk hasaplanylýar. Şonuň üçin häzirki döwürde deňziň arassalygyny gorap saklamak, geljekki nesillere ýetirmek möhüm ähmiýete eýedir.Güneşli Diýarymyzda tebigaty, deňziň arassalygyny goramaga gönükdirilen halkara ähmiýetli çäreler hem giň gerimde durmuşa geçirilýär.
Bilşimiz ýaly, ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň tebigaty goramak bilen baglanyşykly ençeme Konwensiýalaryna goşuldy hem-de öz üstüne ýüklenen borçlary yzygiderli ýerine ýetirip gelýär.Halkara guramalar bilen bilelikde ekologiýa meselelerini çözmäge işjeň gatnaşýar.
Hazar deňzi sebitiň halklarynyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen köp sanly halkara taslamalaryň ähmiýetli bölegi bolup durýar. Özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmak, ygtybarly we howpsuz düzümleri döretmek, ýokary düşewüntli hem-de ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary çekmek ugrundaky tagallalar kenarýaka döwletleriň ileri tutulýan ugurlary bolmagynda galýar.
Hazar deňziniň biologik serişdelerini gorap saklamak, gaýtadan dikeltmek hem-de peýdalanmak, söwda gämi gatnawyny, syýahatçylygy ösdürmek, Hazaryň düýbüniň uglewodorod serişdelerini özleşdirmek we peýdalanmak boýunça sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmekde giň tagallalar edilýär.
Ýeri gelende bellesek, Hazar deňziniň ösümlik we haýwanat dünýäsi ajaýyplygy, täsinligi bilen dünýä ylmynda uly gyzyklanma döredýär.Bu ýerde duş gelýän ösümlikleriň we haýwanlaryň umumy görnüşleriniň 65 göterime golaýy Ýer ýüzünde diňe Hazar deňzinde duşýar.
Hazarda suwotularyň 450-den gowrak görnüşi, suwuň dürli gatlaklarynda ýüzüp ýaşaýan ownuk oňurgasyz jandarlaryň 400-e golaý görnüşi mesgen tutupdyr.Hazar deňzi balyk tutulýan we däp bolan balykçylygyň ösen ýeri hökmünde hem meşhurdyr.
Hazar deňzinde gyzylbalyklaryň dünýäde iň uly tebigy sürüsi ýaşaýar.
Hazar deňzi bilen bagly meseleler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.Türkmenistan bu wajyp ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyň işjeň gatnaşyjysy bolup, ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmak we giňeltmek ugrunda çykyş edýär.
Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen altynjy Hazar sammitinde eden çykyşynda Hazar deňzini Mümkinçilikler deňzi diýip atlandyrdy.Hazaryň şypaly deňiz kenary adamlaryň saglygyny berkitmek üçin peýdaly bolsa, onuň ýalpaklygyndaky baý energiýa gorlary ýurtlaryň ykdysady kuwwatyny artdyrmak babatda möhüm ähmiýete eýedir.
Seýran TAÝJANOW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň talyby.