Hazaryň suwunyň derejesi peselýär: “Deňizde däl-de, händekde suwa düşen ýaly bolduk”

Hazaryň suwunyň derejesi peselýär: “Deňizde däl-de, händekde suwa düşen ýaly bolduk”

Tomus paslynyň şu günlerinde Hazar deňziniň türkmen kenarynda ýerleşýän, Türkmenistanyň deňziň kenaryndaky esasy syýahatçylyk zolagy bolan Awazada dynç almak üçin ýurduň dürli künjeginden syýahatçylaryň gelmegi dowam edýär.

Iýul aýynyň ahyrynda, üç ýyl arakesmeden soň, Hazaryň kenarynda dynç almaga gelen lebaply Mergen deňziň suwunyň, 2021-nji ýyldakysy bilen deňeşdirilende, onlarça metr çekilendigine şaýat bolup, bu ýerde dynç almagyň amatlyklarynyň geçen ýyllardakydan peselendigine ünsi çekýär.

Bu waka, kenarýaka döwletleriniň käbirinde Hazaryň suwunyň derejesiniň peselmegi barada ekologiýa we daşky-gurşaw aladalarynyň artýan mahalyna gabat gelýär.

“Mundan üç ýyl ozal Awazanyň kenarlarynda suwa düşen ýerlerimiz häzir takyr meýdan bolup, deňziň 25-30 metre çenli çekilendigini görenimizde, aýalym bilen ikimiz gaty geň galdyk” diýip, Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň ýaşaýjysy Mergen [red: howpsuzlyk aladalary sebäpli ady üýtgedildi] gürrüň berdi.

Iki çagasy we aýaly bilen iýulyň ahyrynda Awazanyň “Täjir” myhmanhanasynda bir hepde dynç alan Mergen myhmanhananyň kenarynyň deňziň suwundan örän uzakda galýandygyna hem ünsi çekip, şeýle diýdi:

“Onlarça metr ýöräp, deňze gireniňden soňra-da, suwuň çuňlugy dyzyňa çenli ýetýär. Bu çuňluk deňze 50 metr gireniňden soň hem saklanyp galýar. Mundan üç ýyl ozal deňze gireniňden 8-10 metr soň, suwuň çuňlugy 1 metr 70 santimetre ýetýärdi. Bu, bir adamyň takmynan boýnunyň deňinde bolýardy” diýip, Mergen aýtdy.

Ol ozal aglaba bölegi suwuň içinde ýerleşen, deňze uzap gidýän 20-30 metr uzynlygyndaky köprüleriň hem deňziň suwundan daşlaşyp, tutuşlygyna gury ýerde galandygyny belleýär.

“Tolkun atyp, ses edip, joşup duran deňizden zat galmandyr. Kenar, hamala, uly depelige öwrülipdir. Mundan üç ýyl ozal deňiz üstüňe abanyp durardy. Häzir deňziň suwuna ýetip, suwuň içinde 50 metrden köp ýöreseň-de, suw dyzyňdan ýokary geçmeýär. Deňizde däl-de, händekde suwa düşen ýaly bolduk” diýip, Mergen belledi.

Şeýle-de, ol kenarda geçen ýyldakylar bilen deňeşdirilende deňiz ýylanlarynyň we düwlenleriň köpelendigini hem aýdyp, bularyň özleriniň dynç alşynda oňaýsyzlyklary döredendigini hem sözüne goşdy.

Hazar deňziniň türkmen kenarynda suwuň derejesiniň ep-esli peselendigini Azatlygyň sebitdäki habarçylary hem tassyklaýarlar. Olar munuň Awazanyň kenaryndaky myhmanhanalaryň ençemesiniň ýolbaşçylarynyň bu ýagdaýlara “özboluşly çözgüt tapmaga synanyşýandygyny” hem belleýärler.

“Awazadaky “Rowaç” kottežleri, “Gämi” we “Hazar myhmanhanalary öz kenarlarynyň deňizden daşlaşandygyny ýaşyrmak üçin suwuň çekilen ýerlerine çäge, gum getirdip, kenarda gum depelerini edip, bu ýerleri ýazky restoran edipdirler. Ýöne bu ýerdäki kenarlarda deňze girip, suwuň içinde 100 metr uzaklyga çenli ýöreseň-de, deňziň suwy dyzyňdan geçmeýär” diýip, habarçymyz aýtdy.

Habarçylarymyz deňziň suwunyň çekilmeginiň şu ýyl diňe myhmanhana ýolbaşçylaryny däl, eýse Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň aladasyny hem artdyryp başlandygyny aýdýarlar.

“Ýerli häkimiýetler ümsümlik bilen bolsa-da, herekete geçdi.Täze portuň töwereginde suwuň çuňlugyny täzeden gazýarlar.Bu porta gelýän uly gämileriň ýollary täzeden gazylýar.Häzir bu ýerde ýer sorujy nasosly gämiler gazuw işlerini alyp barýarlar.

Suwuň çekilmegi netijesinde, diňe bir täze portda däl-de, eýse deňiz içindäki, Azerbaýjan ugrundaky deňiz ýollarynda hem gazuw işleri geçirilýär” diýip, bu işlere gatnaşýan deňiz hünärmenleriniň biri anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty - Hazar portlarynyň arasynda iň täze we iň uly deňiz portudyr. Gurluşygyna 2014 ýylda badalga berlen port 2018-nji ýylda ulanylmaga berildi. Onuň ýyllyk umumy kuwwatlylygy 17 million tonna ýük, şol sanda 300 müň ýolagçy geçirmäge ukyplydyr.

“Gazuw işlerini geçirmek üçin ummasyz maliýe serişdesine Orsýetiň tehnikasy satyn alyndy. Olaryň arasynda ýer sorujy nasosly gämiler bar” diýip, deňiz hünärmeni belledi.

Deňziň suwunyň çuňlugyny artdyrmak maksady bilen geçirilýän gazuw işleriniň netijesinde, häkimiýetler adatça Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna gelýän gämileri öňki deňiz portuna ugrukdyryp başlady. Bu port täze deňiz portundan takmynan 2 kilometr uzaklykda ýerleşýär.

“Geçen aýdan bäri gämileriň birnäçesi täze porta däl-de, öňki deňiz portuna ýük daşaýar. Bu ýere täze portdan iki sany ýük göteriji kran hem getirildi. Aslynda bu deňiz menzili içerki kiçi ýolagçy gämiler üçin ulanylyp gelinýärdi” diýip, ýagdaýlardan habarly başga bir deňiz hünärmeni anonimlik şertinde aýtdy.

Hazaryň suwunyň, şol sanda Türkmenistan kenaryndan çekilýändigine daşary ýurtly neşirler hem ünsi çekýärler.

Geçen aýyň 15-de howa maglumatlaryny çap edýän “Meteožurnal” neşiri 2023-nji ýylda Hazar deňziniň suwunyň derejesiniň 90-njy ýyllardan bäri iň pes derejesine aşaklandygyny habar berdi.

Neşir munuň, Hazar deňziniň suwunyň derejesine gözegçilik edilip başlanaly bäri hasaba alnan iň pes görkezijä tas ýetendigini hem belledi.

“2023-nji ýylda deňiz derejesi -28,99 metr peseldi, 1977-nji ýylda iň pes dereje -29 metr bolupdy. Şeýlelik bilen, taryhdaky iň pes görkezijä bary-ýogy 1 santimetr ýetenok” diýip, neşir ýazýar.

Neşir bu maglumatyndan iki gün öň, ýagny 13-nji iýulda çap eden makalasynda Hazar deňziniň türkmen kenarynyň Awaza syýahatçylyk zolagyndan daşlaşýandygyny hem habar berdi.

“Meteožurnal” satellitden düşürilen suratlara salgylanyp, käbir sebitlerde çägeli kenarlaryň ýerine kenar ýakasynyň yza çekilmegi sebäpli dynç alýanlaryň öňki gaýaly kenarda suwa düşmeli bolýandygyny belledi.

“Myhmanhana gurlanda gurlan kenar infrastrukturasy kenar ýakasyndan 150-200 metr uzaklykda galýar. Şeýle kenarda ýüzmegiň diňe bir oňaýsyz bolman, hatda howpludygy hem suratlardan äşgär” diýip, neşir ýazýar.

Neşiriň maglumatynda 2013-nji ýyla degişli suratda myhmanhananyň kenarynda gurlan köpriniň aglaba böleginiň deňziň suwunyň içinde ýerleşýändigini görse bolýar. Ýöne 2023-nji ýylda satellitden düşürilen suratda köpriniň dolulygyna gury ýerde galyp, deňziň suwunyň ep-esli daşlaşandygyny synlasa bolýar.

Azatlygyň ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Türkmenbaşy Halkara deňiz portundan, Balkan welaýat we Türkmenbaşy şäher häkimliklerinden, Awazanyň agzalan myhmanhanalaryndan telefon arkaly teswir almak synanyşyklary hem oňyn netije bermedi.

Redaksiýa 6-njy awgustda Balkan welaýat häkimliginiň resmi websaýtynda görkezilen email adresine resmi hat ugradyp, teswir bermegi hem sorady, ýöne häzirlikçe jogap alyp bilmedi.

Hazaryň suwunyň derejesiniň peselmegi barada Azatlyk Radiosyna ilkinji maglumatlar mundan iki ýyl çemesi ozal gelip başlan bolsa-da, türkmen häkimiýetleri bu barada häzirki güne çenli dymyşlygyny saklaýar. Bu barada ýurduň mediasynda hem hiç hili gürrüň gozgalmaýar.

Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň kenarynda ýerleşýän Hazar deňziniň umumy meýdany 386 müňden gowrak kwadrat kilometre barabardyr. “Britannica” neşirine görä, bu Ýaponiýa döwletiniň tutýan territoriýasyndan hem uludyr.

Deňziň demirgazykdan günorta çenli uzynlygy 1 müň 200 kilometre, ini bolsa, 320 kilometre barabardyr. Suwuň iň çuň bölegi günorta tarapda bolup, deňziň üstünden 1 müň 25 metr aşakda ýerleşýär.

Hazar deňzi gämi gatnawy we balykçylyk, Hazaryň basseýninde nebit we tebigy gaz öndürmek ýaly sebitiň ykdysadyýetinde möhüm rol oýnaýar. Deňziň ajaýyp çägeli kenarlary hem köp ýyllardan bäri saglyk we dynç alyş şypahanalary bolup hyzmat edýär.

Türkmen hökümetinden tapawutlylykda, Hazaryň suwunyň derejesiniň peselmegi baradaky mesele eýýäm soňky birnäçe ýyl bäri beýleki kenarýaka ýurtlarynda döwlet we ekologlar derejesinde gürrüň edilýär.

Gazagystanyň prezidenti Kassym-Jomart Tokaýew Birleşen Milletler Guramasynyň geçen ýylyň 20-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkda geçirilen Baş assambleýasynda bu meselä ünsi çekdi.

Ol dünýä ýurtlaryny Hazary halas etmek üçin bilelikde işlemäge çagyrdy.

“Häzirki wagtda dünýäniň iň uly köli bolan Hazar deňzi hem ekologik problemalar, şol sanda ýalpaklaşmak, suw kanallarynyň üýtgemegi, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň hapalanmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýar” diýip, Tokaýew aýtdy.

Ol Hazar deňzini halas etmek meselesiniň uzak möhletleýin halkara hyzmatdaşlygyny talap edýändigini we ileri tutulýan umumy meselä öwrülmelidigini hem belledi.

Hazaryň suwunyň derejesiniň peselmegi bilen bagly mesele deňziň demirgazyk böleginde, ýagny Russiýanyň we Gazagystanyň kenarlarynda has köp göze ilýär.

Hazaryň kenarynda ýerleşýän gazak şäheri Aktaunyň resmileri 2023-nji ýylda Hazaryň suwunyň derejesiniň peselmegi bilen bagly adatdan daşary ýagdaý yglan etdi.

Şu ýylyň 21-nji ýanwarynda Eýranyň “Ýol we ýaşaýyş jaý howplary boýunça gözleg merkezi” bölüminiň müdiri Ali Baitullahi “Hazar deňziniň suwunyň peselmegi” we onuň daşky gurşawa ýetirýän netijeleri barada duýduryş berdi.

Häzirki wagtda Waşingtonda ýaşaýan, suw meseleleri boýunça analitik žurnalist Nikahang Kowsar Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Hazaryň suwunyň peselmegine goşant goşýan, global maýlama we buglanma ýaly faktorlaryň täsir edýänigini aýtdy.

“National Geographic” neşiriniň maglumatyna görä, buglanma - suw aýlawynyň örän möhüm bölegidir. Günüň ýylylygy ýa-da gün energiýasy bugarmak prosesini güýçlendirýär. Iň uly ummanlardan, deňizlerden we köllerden çyglylygy sorup alýar. Günüň yssysyna sezewar bolany üçin suwuň derejesi peselýär. Buglanma sebäpli deňizdäki, köldäki, howuzdaky ýa-da stakandaky suwuň derejesi peselýär.

Ýöne Kowsar Hazaryň suwunyň derejesiniň peselmeginiň esasy sebäbiniň Russiýanyň bentleri gurmak arkaly, Wolga derýasynyň akymyny, akýan ugurlaryny üýtgetmegi we bu suwlary oba hojalyk pudagy üçin sarp etmegi bilen bagly bolup biljekdigini belleýär.

“Russiýa Wolga derýasynyň käbir böleklerini bölüp, bent gurýar. Şeýle-de, soňky ýyllarda Hazar deňzine guýýan derýalaryň suwy oba hojalyk üçin has köp ulanylýar.Soňky birnäçe ýylyň dowamynda metbugatda Russiýanyň geljekde has köp galla öndürjekdigi barada maglumatlar çap edildi.

Bu maglumatlarda käbir rus syýasatçylarynyň Wolganyň ugrunda galla önümçiligini artdyrmak barada çykyşlary hem bar. [Russiýanyň] Ukrainadaky alyp barýan urşy gallanyň bazar gymmatlygyny hem üýtgedýär” diýip, "abanganiran.org" neşirinde işleýän Kowsar belledi.

“Britannica” neşiriniň 9-njy iýulda çap eden maglumatyna görä, Wolga derýasynyň ýyllyk akymy Hazar deňzine girýän ähli derýa suwlarynyň 80 göteriminden gowragyny emele getirýär.

“Adam tarapyndan döredilen üýtgeşmeler, esasanam Wolga derýasynyň ägirt uly ulgamynda bentleriň, suw howdanlarynyň we kanallaryň gurulmagy netijesinde ýüze çykan üýtgeşmeler häzirki zaman gidrologiki deňagramlylyga täsir etdi” diýip, neşir belleýär.

Bu faktory, Hazar deňzi boýunça eýranly we gazak ekspertleri hem nygtaýarlar.

Eýranly analitik-ekspert Wali Kaleji geçen ýylyň oktýabrynda "cacianalyst.org" neşirinde çap eden seljeriş makalasynda soňky birnäçe ýylyň dowamynda Russiýanyň Wolga derýasynyň ugrunda 40 sany bent gurandygyny we başga-da 18 sany bendiň ylmy taýdan öwrenilýändigini ýa-da gurluşygynyň dowam edýändigini aýtdy.

“Bu Hazar deňzine girýän suw akymyny azaltdy. Mundan başga-da, Ukrainadaky söweş we Günbataryň Russiýa garşy girizen sanksiýalary Ýewropadan we ABŞ-dan oba hojalyk önümleriniň importynyň düýpgöter azalmagyna sebäp boldy. Bu, Wolga suw baýlyklarynyň oba hojalygy, esasanam bugdaý ösdürip ýetişdirmek üçin ulanylmagyny artdyrdy” diýip, Kaleji belledi.

Kowsar bu faktorlardan başga-da, Hazaryň kenarýaka ýurtlarynyň bäşisiniň öz agyz suwy zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin Hazaryň suwuny süýjedýändigi aýtdy.

Ol öňümizdäki ýyllarda Hazaryň suwunyň derejesiniň has-da peselip biljekdigini we hususan-da, onuň pes bölegi hasaplanýan demirgazygynyň örän ýalpaklaşyp, hatda çöllüge öwrülip biljekdigini çaklaýar.

“Bu ýagdaý, sebitde tozanly ýelleriň has-da köpelmegine getirer. Hazaryň fauna-florasy üýtgär. Oba hojalyga ýaramaz täsir eder. Bu ýagdaýlaryň adamyň saglygyna hem oňaýsyz täsirleri bolar” diýip, Kowsar belledi.

Ol meseläniň has-da ýaramazlaşmagynyň öňüni almaga çözgüt tapmak üçin ilkinji nobatda Wolga derýasyndan Hazar deňzine girýän ýyllyk suw akymynyň ölçenip öwrenilmelidigini aýdýar.

Şol bir wagtda, ol bu babatda kenarýaka döwletleriniň, Gazagystandan başgasynyň, ýeterlik çäre görmäge çynlakaý ymtylmaýandygyny hem belleýär. Ol muňa kenarýaka döwletlerindäki hökümetleriň demokratik däl tebigatynyň sebäp bolýandygyny nygtaýar.

“Her bir döwlet, şol sanda Türkmenistanyň hökümeti Hazaryň deňzinden we onuň baýlyklaryndan bolup bildiginden nädip köp peýdalanyp bilerin diýip çemeleşýär. Syýasatçylar ondan peýdalanmaga howlugýarlar. Eger öz ýurdy, halky we daşky gurşaw üçin alada edýän demokratik häkimiýetler bolsa, onda olaryň hemmesi birleşip, Hazary halas etmek ugrunda göreşerdiler” diýip, Kowsar belledi.

Ol meseläniň agyrlaşmagynyň öňüni almak üçin dünýäniň abraýly halkara guramalary, şol sanda BMG tarapyndan Hazaryň kenarýaka döwletlerine, hususan-da, Russiýa basyş görkezilmelidigini aýdýar.

Lebaply Mergeniň gürrüň berenlerine gaýdyp gelsek, ol deňziň kenarynda esasan diňe ýöräp gezelenç etmek bilen çäklenendiklerini, kenardaky ýylanlaryň we düwlenleriň dynç alýan raýatlaryň golaýyna gelip, biynjalyk etmegi ýaly wakalaryň bolandygyny hem aýdyp, dynç alyşlarynyň çaklaýyşlary ýaly geçmändigini belleýär.

Şeýle-de, Mergen Awazadan gaýdanynda, öňümizdäki ýyllarda gaýtadan dynç almaga gelende, Hazaryň suwunyň näderejede peselip biljekdigi barada howsala bilen öýüne dolanandygyny aýdýar.

“Aýalym bilen ikimiz, meseläniň öňüni almasalar, agtyk-çowluklarymyz nähili Hazar bilen tanyş bolarlar? Deňizden ýüzlerçe, belkem müňlerçe metr uzakda ýerleşýän Awazada dynç alarlarmy? diýen soraglary özaramyzda alşyp, Hazaryň kenaryndan gaýtdyk” diýip, Mergen belledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Suwsuz deňiz. Türkmenistanyň kaşaň dynç alyş zolagyndan suw çekilýär
Çuwaş türkçesi
Russiýadaky tupan sebäpli 8 adam ýogaldy
'El çarpylýan goşgularyň' uzaga çeken meşhurlygynyň açylmadyk syry
Türkmen hünärmenleri Hazar deňziniň suwunyň çekilmegine alada bildirýärler
Türkmen wekiliýeti Moskwada geçirilen XV Hazar energiýa forumyna gatnaşdy