Hazaryň hukuk durumy 'ylalaşyldy', emma detallar açylmaýar

Hazaryň hukuk durumy 'ylalaşyldy', emma detallar açylmaýar

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 5-nji dekabrda Kaspi deňziniň hukuk durumy baradaky ylalaşygyň “iş ýüzünde’ gol çekmäge taýýar edilendigini aýtdy, emma ol ylalaşylandygy aýdylan esasy meseleler barada jikme-jik maglumat bermekden saklandy.

Mälim bolşy ýaly, Kaspi deňziniň durumyny kesgitlemek baradaky gepleşikler 20 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýär we Hazaryň kanuny durumynyň kesgitlenmezligi Türkmenistanyň gazyny Ýewropa ýurtlaryna aşyrmagyň öňündäki esasy päsgelçilikleriň biri bolup durýar.

Emma indi, Lawrowyň Moskwada Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleri bilen bolan duşuşykdan soň žurnalistlere aýdan sözleri Kaspiniň durumyny kesgitlemekde ähli meselä çözgüt tapylandygyny tassyklaýar.

Aýdylmagyna görä, ylalaşygyň taslamasy häzir hazarýaka döwletleriniň ählisiniň diline terjime edilýär we ol ýurtlaryň ählisi bu konwensiýa öz liderleri tarapyndan gol çekilmegi üçin zerur çäreleri görer.

Nobatdaky Kaspi sammitiniň geljek ýyl Gazagystanda geçirilmegine garaşylýar. Şol bir wagtda Hazaryň durumy baradaky ylalaşyk taslamasynyň detallary aýdylmaýar.

Metbugat habarlaryna görä, Lawrow oktýabr aýynda Bakuwda azeri kärdeşi Elmar Mammadýarow bilen duşuşdy we Azerbaýjanyň daşary işler ministri şol duşuşykdan soň Orsýetiň Hazaryň durumyny kesgitlemekde örän gowy teklip edendigini habar berdi.

Mundan biraz yza çekilsek, türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow awgust aýynda Bakuwa sapar edende, Hazaryň durumyny kesgitlemek baradaky işleriň tamamlanyp barýandygyny we oňa hazarýaka döwletleriniň indiki sammitinde gol çekiljekdigini aýtdy.

Hazar deňziniň hukuk statusy öňki sowet respublikalary özbaşdak döwlet bolanyndan soň, Kaspiniň kenaryndaky bäş döwletiň Russiýanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň arasynda dawaly meselä öwrüldi. Bu dawanyň esasynda Kaspi deňizmi ýa köl diýen sorag ýatyr. Eger Kaspi köl diýip kesgitlense, onda kenarýaka döwletler oňa “kondominium” usulynda çemeleşmeli we onuň baýlyklaryny bäş döwletiň arasynda deň bölüşmeli.

Eger Kaspi köl diýlip atlandyrylsa, Gazagystan üçin uly zarba bolýar, sebäbi häzir onuň Hazarda iň uly territoriýasy, şol sanda nebit-gaz ýataklary bar. Emma Hazara köl diýilse, Eýran üçin peýdaly. Bu ýurduň häzir Hazardaky paýy iň kiçi, 13 prosent diýip hasaplanýar.

Eger-de Hazar deňiz diýlip atlandyrylsa, onda bu durum onuň ýakasyndaky bäş döwletiň deňziň baýlyklaryny ulanmagyna uly erkinlik berýär, ýagny olar deňiz sektorlarynda öz isleglerine laýyk hereket edip bilýärler.

Bu meselede ylalaşyga gelinmezligi Türkmenistandan Hazar arkaly Azerbaýjana çekilmeli gaz geçirijiniň öňüni baglaýar. Eger gurulsa, bu geçiriji arkaly 30 milliard kub metr gaz ýewropa ýurtlaryna ugradylar.

Türkmen gazynyň Hazaryň üstünden Azerbaýjana we ýewropa ýurtlaryna getirilmegi energiýa üpjünçiligi meselesinde Orsýetden garaşsyz bolmak isleýän Ýewropa Bileleşigini hem gyzyklandyrýar.Hazaryň hukuk durumyny kesgitlemegiň öňünde durýan esasy meseleleriň çözülendigi baradaky habar Türkmenistanyň ýene bir gaz geçiriji gurmak planynyň janlanmagyna umyt döredýär. Bu umyt Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda uçran iň agyr ykdysady krizisine çözgüt agtarýan wagtyna gabat geldi.

“Trend’ habar gullugynyň maglumatyna görä, ylalaşylan konwensiýa taslamasy Transhazar geçirijisiniň gurulmagyny hem öz içine alýar. Bu pikir 6-njy dekabrda Azerbaýjanyň daşary işler ministriniň orunbasary Halaf Halafow tarapyndan Bakuwda guralan metbugat ýygnagynda aýdyldy.

Azeri resmisi Transhazar geçirijisiniň gurluşygy baradaky meseläniň bu geçirijileriň içinden geçjek ýurtlary bilen utgaşdyryljakdygyny belledi.

Emma resmi Aşgabat bu aýdylýan hoş habar barada hiç zat aýtmady.

Ýene degişli makalalar

Eýran Zengezur Geçelgesini Milli Howpsuzlyga Abanýan Wehim Diýip Hasaplaýar
Hazar 'ylalaşygy' türkmen gazynyň Ýewropa aşmagyna ýol açýarmy?
Astanada Hazar konwensiýasyna gol çekiljegine 'ynanmak kyn'
Azerbaýjan Respublikasy Yslam Rewolýusiýasynyň ýolbaşçysynyň Nagorno-Garabag baradaky aýdanlaryna gadyrdanlyk bildirdi
Garabag söweşi, yslam ynkylabyň ýokary ýolbaşçysynyň nukdaýnazaryndan
Hazar "bäşliginiň" daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Aşgabatda duşuşdylar