Hazarüsti taslamasynyň gün tertibine getirilmeginiň arasynda Berdimuhamedow Brýussele sapar eder

Hazarüsti taslamasynyň gün tertibine getirilmeginiň arasynda Berdimuhamedow Brýussele sapar eder

Şu ýylyň dowamynda prezident Serdar Berdimuhamedowyň Brýussele saparyny guramalaşdyrmak meýilleşdirilýär. Bu barada mälim eden türkmen ilçisi Aşgabadyň Ýewropa Bileleşigi bilen “ähli mümkin ugurlar boýunça” ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mehanizmlerini mundan beýläk-de berkitmäge ygrarlylygyny tassyklady.

Bu habar Türkmenistanyň golaýda Hazarüsti gaz geçiriji taslamasynyň gurluşygy boýunça eden seýrek beýanatynyň yz ýanyna gabat geldi. Energetika bilermenleri ençeme ýyl bäri gürrüňi edilýän bu taslamanyň amala aşmagyna şübheli garaýarlar we Aşgabadyň Ýewropanyň energetika bazary ugrundaky bäsleşikde yza galýandygyny belleýärler.

28-nji iýulda Türkmenistanyň ilçisi Sapar Pälwanow Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Ursula fon der Lýaýene ynanç hatyny gowşurdy. Dabaranyň dowamynda Pälwanow prezident Berdimuhamedowyň Ýewropa Bileleşiginiň institutlarynyň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirmegi üçin, ýylyň ahyryna çenli onuň Brýussele saparynyň meýilleşdirilýändigini sözüne goşdy. Bu barada ýarym-resmi türkmen neşirleri habar berdi.

Türkmen metbugaty Ursula fon der Lýaýeniň bu mesele boýunça öz toparynyň türkmen tarapy bilen bilelikde işleşmäge taýýardygyny aýdandygyny habar berýär.

Mundan başga-da, duşuşykda energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagy hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Maglumatda ýewropaly resminiň türkmen tarapynyň bu ugurda hyzmatdaşlyk etmek islegini oňlandygy we geljekde bu ugurda hyzmatdaşlygyň mümkinçiligini belläp geçendigi aýdylýar. Başga jikme-jikler berilmeýär.

Ýöne bellemeli ýerli, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Pälwanowyň ynanç hatyny gowşurandygy baradaky habarynda, prezidentiň mümkin saparyna görülýän taýýarlyk barada hiç zat aýdylmaýar.

Tebigy gaz gorlary boýunça dünýäde dördünji orunda durýan Türkmenistanyň Ýewropa bilen energetika ugrundaky mümkin hyzmatdaşlygy dile getirmegi, geçen ýylyň fewralynda Russiýanyň Ukraina garşy başladan esassyz urşy sebäpli, Ýewropa ýurtlarynyň rus gazyndan ýüz öwürip, alterntatiw üpjünçilieri tapmak ugrundaky tagallalaryna gabat gelýär.

Bu ýagdaýlaryň arasynda milliardlarça dollarlyk Hazarüsti gaz geçiriji taslamasy babatyndaky gürrüňler hem täzeden gün tertibine getirilip başlandy. Türkmenistan bu geçiriji arkaly Azerbaýjanyň üsti bilen Türkiýä, ondan aňry, Ýewropa ýurtlaryna tebigy gaz eksport etmäge isleg bildirip gelýär.

Geçen hepde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Hazarüsti gaz geçiriji taslamasynyň halkara goldawyna eýedigini, şeýle-de ony durmuşa geçirmek üçin hiç hili syýasy, ykdysady we maliýe päsgelçilikleriniň ýokdugyna ynanýandygyny aýtdy.

Ýöne Türkmenistanyň köpýyllyklaryň dowamynda gürrüňini edip gelýän bu taslamanyň durmuşa geçmegine, beýleki ýagdaýlar bilen bir hatarda, ony maliýeleşdirmek meselesi hem böwet bolup gelýär.

21-nji iýulda Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew bu taslamasyny maliýeleşdirjek taraplar mälim bolmazdan, taslamanyň durmuşa geçirilmegini sorag astyna aldy. “Siziň hem oňat bilişiňiz ýaly, ýewropa banklary indi gazylyp alynýan ýangyç taslamalaryny maliýeleşdirmegi bes etdi. Şol sebäpden, bu babatda möhüm serişdeleri toplamak kyn bolar” diýip, azeri prezidenti belledi.

Türkmen hökümeti Ýewropa ýurtlaryna ýylda 30 milliard kub mert türkmen gazyny ibermäge gyzyklanma bildirýändigini mälim edipdi. Ýöne energetika ekspertleri häzirki bar bolan gaz geçiriji infrastrukturalary bilen munuň mümkin däldigini, üstesine köp mukdarda türkmen gazyny Azerbaýjandan aňry Ýewropa ibermek üçin täze gaz geçirijilere zerurlygyň bardygyny aýdýar.

Merkezi Aziýa meseleleri boýunça bilermen, Britaniýanyň Glasgow uniwersitetiniň professory Luka Ançeski bu gaz geçirijiniň amala aşmagy üçin köp mümkinçiligi görmeýändigini aýtdy.

“Birinjiden, geçirijini çekmek bu bir arzan iş däl. Munuň üçin köp taýýarlyk görmeli, köp maliýe ýatyrmaly we köp maslahat geçirmeli. Meniň bilşime görä, türkmen hökümetinde bularyň hiç biri-de ýok. Mundan başga-da, bu taslama gözegçilik etmeli Türkmengaz döwlet konserninde degişli konsorsiumyň lideri bolmak üçin gerekli ukyby ýok” diýip, Ançeski 31-nji iýulda Azatlyk bilen söhbetdeşliginde belledi.

Hazarüsti gaz geçirijisi bilen bagly soňky özgerişliklere Bloomberg neşiri hem ünsi çekip, Türkmenistanyň Ýewropanyň energetika bazary ugrunda beýleki bäsdeşlerinden yza galýandygyny nygtady. 31-nji iýulda çap bolan makalada milliardlarça dollara durjak we gurluşygy ençeme ýyla çekjek bu taslamadan başga-da, häzir Ýewropa üçin has arzan we has elýeterli mümkinçilikleriň bardygy bellenilýar.

Makalada munuň bilen bagly SOCAR hem diýlip bilinýän, Azerbaýjanyň Döwlet Nebit Kompýaniýasynyň wise-prezidentiniň orunbasary Witaliý Baýlarbaýowyň sözleri getirilýär. Oňa görä, Azarbaýjan türkmen gazynyň tranzitine ýardam hökmünde özüniň infrastrukturasyny hödürläpdir, emma Hazarüsti gaz geçirijini gurmak karary Türkmenistana bagly bolup dur.

“Kaspidäki iki ýatak eýýäm bar bolan ulgamyň golaýynda ýerleşýär, we olary özleşdirmek üçin deňizde sepleýji geçiriji gerek däl” diýip, Baýlarbaýow belläpdir.

Türkmenistanyň Energetika ministrligi we döwletiň eýeçiligindäki “Türkmengaz” konserni Bloomberg neşiriniň kommentariýa haýyşlaryna jogap bermediler. Azatlyk Radiosy hem dünýäniň iň ýapyk ýurtlarynyň biriniň resmi edaralaryndan teswir alyp bilmedi.

Galyberse-de, şu ýylyň fewralynda Russiýanyň türkmen gazynyň Hazar deňziniň üsti bilen Günbatara eksport edilmeginiň öňüni baglaýandygy barada habarlar peýda boldy. Russiýa Hazar deňziniň töweregindäki ekologiýa aladalaryna salgylanyp, Hazarüsti gaz geçiriji taslamasyny oňlaman gelýär. Synçylar Hazar deňziniň hukuk durumynyň Türkmenistanyň Azerbaýjan bilen arada gaz geçiriji gurmagyna rugsat berýändigini aýdýarlar.

Bilermen Ançeski Türkmenistanyň görnüşinden bu golaýda amala aşyryp bolmajak proýekte has köp syýasy matlapdan çemeleşýändigini, ýagny munuň bilen bagly beýanatlary çap edip, bu ugurda gepleşikleri geçirip, dünýä arenasynda öz aktuallygyny artdyrmaga synanyşýandygyny çaklaýar.

Türkmenistan häzirki wagtda özüniň daşary ýurtlara iberýän mawy ýangyjynyň agramly bölegini Hytaý ugry boýunça eksport edýär. Häkimiýetler ençeme ýyllaryň dowamynda ýurduň ýangyç eksport ugurlaryny köpeltmegi öňe sürüp gelýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Gresiýadaky sil apatlarynda ýogalanlaryň sany 15 adama ýetdi
Ýewropa Bileleşigi we Kanada “Ýaşyl Bileleşigi” döretmek barada ylalaşdylar
Wodorod taslamalaryna 17 milliard ýewro goldaw berdi
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Global Gateway forumyna gatnaşýar
Brýusselde geçirilen Global Gateway forumynda Türkmenistanyň mümkinçilikleri beýan edildi
Dünýä liderleri we halkara guramalar Gazadaky hüjümi ýazgarýarlar