Türkmenistan 1998-nji ýyldan başlap, Hazar ekologiýa maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşdy, BMG-nyň Hazar deňziniň gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly (Tähran) konwensiýasyny tassyklady, sebit ähmiýetli resminamalaryň ençemesine gol çekdi.Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy we pudagara iş topary Türkmenistanyň gidrometeorologiýa baradaky komitei we ýurdumyzyň Balyk hojalygy döwlet komiteti bilen bilelikde ýurduň içinde deňizde hojalygy ýöretmegiň howpsuzlygyny üpjün edýärler. “Deňiz gämileri üçin sanitar düzgünleri”, beýleki kadalaşdyryjy resminamalar kabul edildi.
Bäş ýyl mundan ozal ýurdumyzda ekologiýa ätiýaçlandyrmasy girizildi, nebitiň dökülmeginiň öňüni almak we dökülen nebti aýyrmak boýunça Milli meýilnama durmuşa geçirilýär.
Köpugurly tebigaty goraýyş işlerine Hazar ekologia gullugy (“Hazarekogözegçilik”) çekilip, ol daşky gurşawyň ýagdaýyny barlaýar, ähli görkezijiler boýunça deňiz suwunyň ýokarky gatyny we deňiz düýbündäki çökündileri, deňiz kenarynyň ýerasty suwlaryny, howany öwrenýär.
Ol indi kyrk ýyldan gowrak wagt bäri işläp gelýär we öz işini milli kanunlaryň talaplaryna laýyklykda gurnaýar, deňziň türkmen kenarynyň senagat zolagynda desgalaryň gurluşygyna we ulanylyşyna gözegçilik edýär, deňizde we gury ýerde ýük daşaýan, energiýa serişdelerini çykarýan we daşaýan, geofiziki we geologik barlaglary alyp barýan daşary ýurtly we ýerli kompaniýalaryň işiniň ekologiýa talaplaryna laýyk gelşini barlaýar.
Ekologlar döwrebap laboratoriýa enjamlary, tehniki we ulag serişdelri bilen üpjün edilen.
Deňizde hojalyk işiniň alnyp barlyşyna, senagat kärhanalarynyň Kanun tarapyndan bellenilen ekologiýa howpsuzlygy ölçegleriniň çäklerinde işlemegine döwlet ekologiýa gözegçiligini üpjün etmek gullugyň wezipesidir. Onuň işi deňziň türkmen böleginiň iki kilometrlik zolagyna we kenardaky gury ýere degişlidir. Onuň düzüminde laboratoriýalaryň ikisi: - daşky gurşawyň ýagdaýyna gözegçilik boýunça we gidrobiohimiýa laboratoriýalary bar.
Şu ýyl ýeliň tizligini we ugruny ölçemek üçin üç komponentli anemometr, kükürt dioksidini, azot oksidlerini, kükürtwodoroduny we ş.m. görkezijileri kesgitlemek üçin datçikli gazanalizatorlar, barometr basyşyny , howanyň temperaturasyny we çyglylygyny anyklamak boýunça multimediýa ulgamly täze göçme ekolaboratoriýa gullugyň düzümine goşuldy. Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň territoriýasynda howanyň ýagdaýyna awtomatik gözegçilik ulgamly stasionar ekologiýa postlarynyň ikisi gurnaldy.
Gidrobiohimiýa laboratoriýasy deňiz kenar zolagyna yzygiderli gözegçilik edýär, arassalaýjy desgalaryň işiniň netijeliligini barlaýar, dürli kärhanalara degişli laboratoriýalaryň işine gözegçilik edýär.Laboratoriýanyň hünärmenleri ençeme ýyllaryň dowamynda Türkmenbaşy aýlagynda, deňiz burawlaýyş sebitlerde, Gyýanly kiçeňräk aýlagynda, Ekerem şäherçesiniň akwatoriýasynyň çäklerinde, Garabogazda, “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän stansiýalarda deňziň gidrohimiki ýagdaýyna gözegçilik edýärler.
Barlaga alnan deňiz suwy agyr metallar, organika (umumy uglewodorodlar, fenollar), suw üsti sintetiki maddalar ýaly ugurlar boýunça barlagdan geçirilýär.Gurşawyň reaksiýasy we ondaky kislorodyň möçberi kesgitlenilýär.
“Awaza” we onuň töweregi gullugyň gözegçilik edýän möhüm desgalarynyň biridir.Alymlar 2012-2017-nji ýyllarda we 2018-nji ýylyň birinji ýarymynda dynç alyş zolagynyň çäklerinde howany zaýlaýan maddalaryň çäkden çykmandygy barada netijä geldiler.
Möwsümleýin üýtgemegi we beýleki görkezijiler göz öňünde tutulanda deňiz suwundaky dürli goşundylar ýol berilýän möçberde, akwatoriýanyň gidrohimiki deňagramlygy durnukly we howpsuz, bu bolsa Hazar deňziniň türkmen kenarynyň türkmenistanlylaryň we ýurdumyzyň myhmanlarynyň dynç almagy üçin ekologiýa taýdan arassalygyna şaýatlyk edýär.