Hazar ýakasynyň mart aýyndaky sowuk şemaly guşlaryň ýazky göçüşine täsir etdi

Birinji aprel adatça, Guşlaryň halkara güni Hazaryň eteklerinde gözegçilik geçirilýär. Şu ýylyň çylşyrymly howa şertleri sebäpli ony soňa geçirmeli boldy.

Umuman şu ýyl ötegçi guşlaryň gyşlaýan döwri ýanwarda ornitologik duýdansyzlyklardan başlandy.Fewralda bizde gyşlaýan ganatly myhmanlarymyzyň aglabasy birdenkä Hazar ýakasyny taşlap, dogduk mekanyna gitdiler.Baharyň ilkinji aýy deňiz kenarynda ýaşaýan guşlar geläýmeli ýalydy. Ýöne demirgazyk goňşularymyzda gijelerine howanyň sowamagy, gomly ýeller, ygalyň köp ýagmagy, şeýle hem gardyr aýaz ganatly gezendeleri Günorta-Gündogar we Günorta Aziýanyň, Awstraliýanyň hem-de Afrikanyň amatly şertlerinde galmaga mejbur etdi.

Martyň seýrek duşan gowy günleri-de dekabrda we ýanwarda 50-ä golaý görnüşli guşlardan 40 müňden 60 müňüsi gabat gelýän ýerlerinde-de olaryň sany onlarça esse azaldy.Köpelmäge taýýarlanýan ötegçi hokgarlaryň ilkinjileri Türkmenbaşy aýlagynda 24-nji martda peýda boldular. Şondan birnäçe gün soň kenarda uly jübtünler, diňe 30-njy martda kenarýaka saý ýerlerde çuluklaryň kiçeňräk sürüleri gabat geldi.

Dogrusy, adatça olar bilen bile gelýän ownuk çarlaklar we çirikler ýokdy.

Şeýlelikde aprelde hem howa gowy maýlamasa Hazarda gyşlaryň ýazky ötüşiniň gijä galmagy mümkin. Höwürtgeleýän mekanlaryna ugraýan guş sürüleri wagtal-wagtal peýda bolarlar we gözegçileriň gözünden syparlar.

Aprel aýynyň az şemally güneşli boljagyna we kenarýakasynda guşlara duş gelmegimize maý berjekdiginie umyt bildirýäris.

Ýene degişli makalalar

Gyzylinjik
Milli Liderimiz ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliň mukaddes borçlary hem-de wezipeleri barada umumy sapak geçdi
Sülgün guşy
Guşlar ussat inženerler
Nakgaş Allaberdi Öwezdurdyýew gözellik döretmegiň ussady
Iň gowy öý gurujylar