Hazar ýakasynyň guşlary hakda gyzykly maglumatlar

Tutuş dünýäde tebigat muşdaklary 1-nji aprelde Halkara guşlar gününi bellediler, ýer ýüzünde olaryň jemi 8600-dan gowrak görnüşi bar. Şundan ugur alyp, okyjylary sebitimiziň iň özüne çekiji ýerleriniň biri bolan Hazar ýakasynda ýaşaýan guşlaryň gysgaça seljermesi bilen tanyşdyrmak isleýärin.

Geografiýa taýdan ýerleşişine görä, bu ýerde Ýewraziýa Gündogar Afrika we Aziýa ugurlary boýunça guşlaryň göçüş çatrygy ýerleşýär, subkontinentiň demirgazygynda höwürtgesinden gaýdan guşlar bu ýoldan Gara we Hazar deňizlerine, Orta ýer deňzine we (Niliň aşaky akymlaryndan GAR-a çenli), Arabystana, Pars aýlagyna, Gyzyl deňze, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýa, Hindistan ýarym adasyna, Awstraliýa we Täze Zelandiýa gyşlamaga gidýärler.

Her ýyl gaýtalanyp durýan we serhetlere parh goýmaýan guş göçüşleri tutuş adamzadyň baýlygydyr, şonuň üçinem halkara konwensiýalaryna laýyklykda bioserişdeleri goramak umumy işimizdir. Şol konwensiýalary tassyklan Türkmenistan hem bu işe goşulyp, suwly-batgaly ýerleri we bioköpdürlüligi goramak boýunça özüne belli bir borçlary aldy.

Goraghanalar we beýleki goragly tebigy meýdanlar döredilýär, daşky gurşawy goramak ulgamynda kanunlar hem-de beýleki kadalaşdyryş-hukuk resminamalary kabul edilýär.Hazar ýakasynyň haýwanat dünýäsiniň sanawy 18 otrýaddan 361 görnüşi, ýa-da tutuş Türkmenistandaky guşlar dünýäsiniň 83,4% (433 görnüşi) öz içine alýar.

Sebitiň guşlar dünýäsiniň esasy düzümi limnadofiller bolup, olar hem öz gezeginde suwda ýüzýänlere, suwda-batgalykda we suwuň golaýynda ýaşaýanlara 172 görnüşe ýa-da 47,6% bölünýär.Ikinji orundaky agaçly-gyrymsy ösümlikli ýerlerde ýaşaýan guşlaryň 49 görnüşi ýa-da 13,6 % we açyk ýerlerde ýaşaýanlarynyň 51 görnüşi ýa-da 14,1% bolup, soňkylaryň arasynda eremofiller (çöl guşlary) bar.

Ilatly ýerlerimizde we medeni landşaftda hemişelik ýaşaýanlarynyň sinantroplaryň 6 görnüşi ýa-da 1,7% mesgen tutan.Galan 14 görnüşi (3,9%) dürli ýerlerde höwürtgeleýän ewritoplara degişlidir. Ýaşaýyş görnüşlerine görä olar oturymly ýa-da şol ýerde hemişelik ýaşaýanlar, olaryň sany köp däl 31 görnüşe hem-de daşyndan gelýän-höwürgeleýän 94 görnüş ýaly toparlara bölünýär.

Olardan iň köp sanlysy ötegçi guşlardyr, olaryň arasynda Zapolýarýadan Hazar ýakasyna çenli giň ýaýranlary we ötegçi-gyşlaýan 300-den gowrak görnüşi bar.Olardan deňizçi ala ördek, uly ördek, gara we akganat torgaý, alp we ala owazçy ýaly guşlar diňe aşa sowuk gyş günleri duş gelýär.

Gögümtil ördek, bezziltik, garamtylarka çarlak, gar serçesi we ş.m.tötänleýin bu ýere düşenler hasaplanylýar.Hazar ýakasyndaky guşlaryň derejesi olaryň Türkmenistandaky sany, dünýä populýasiýasynyň ýagdaýy, ylmy we medeni-estetiki ähmiýeti, transmilli we serhetüsti ähmiýetliligi (awçylyk hojalygy), adaty milli däpler (elguşlar bilen aw etmek, käkilikleri, bedeneleri we saýrak guşlary elde saklamak), olaryň biosenozlardaky ähmiýeti bilen kesgitlenilýär.

Sebitiň guşlarynyň 33 görnüşi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna, dürli ýyllarda TGHJ-iň we CITES-iň sanawyna girizildi, 78 görnüşi seýrek duşýanlardan, ýene 36 görnüşi az sanlylardan, galany adatylar we köpsanlylardyr. Ýurdumyzda we daşary ýurtlarda awlamaga niýetlenen suwda ýüzýän we suwda-batgalykda ýaşaýan aýratyn ähmiýetli guşlaryň 41 görnüşi bar.

Açyk giňişliklerde ýaşaýan käbir görnüşleri (bedeneler, rýabina jokjokusynyň 2 görnüşi), tokaý we dag toplumlarynda ýaşaýan (maral käkilik, çil, garamtylbitli kepderi, hal kepderi, uly we adaty gumry) aw etmäge degişli guşlardyr. 1934-nji ýyldan bäri alnyp barylýan köpýyllyk sanawlaryň maglumatlaryna laýyklykda, ötegçi we ülkämiziň suwly-batgalyk ýerlerinde gyşlaýanlardan iň köp sanlysy sakarbarak, derýaçyl we çümüji ördeklerdir.

Adalarda, gaýalaryň jaýryklarynda we çägesöw zolaklarda köpçülikleýin höwürtgeleýän uly jübtün, çarlak, deňiz kepderisi, çüňkburun, derýaçyl we kiçi çirikler, seýrek ýagdaýlarda garabaş çarlak, çarlakburun çirik ýazda we tomus aýlary köp bolýar.

Bag ekmek milli maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde agaçly-gyrymsy ösümlikli toplumlarda, aýratyn-da Hazarýaka merjeni Awazanyň emeli gök zolaklarynda ötegçi, höwürtgeleýän we gyşlaýan guşlaryň sanawy artýar.Soňky ýyllarda dünýäde ekologiýa syýahatçylygy we guşlara syn etmeklik meşhurlyk gazandy, Hazar ýakasynda olary ösdürmek üçin zerur şertler: amatly tebigy ýerler (bu ýerde Hazar goraghanasy ýerleşýär), şeýle hem ösen medeni-dynç alyş, sport-sagaldyş we ulag düzümleri bar.

Ýene degişli makalalar

Dünýä Kubogynyň bijeleri 5-nji dekabrda çekiler
Ykdysady ösüşler abadançylygyň kepili
Afrikanyň Milletler kubogynyň çärýek final tapgyrynyň ähli jübütleri belli boldy
2024-nji ýylda Zeminiň ilatynyň tas ýarpy bölegi saýlawlara gatnaşar
GAR-da tokaý ýangynlaryna garşy göreşýärler
Türkmenistanly ýaş pianinoçy nobatdaky gezek halkara saz bäsleşiginde ýeňiji boldy
El maşklaryny etmek dyzyňa peýdaly