Hazar ýakasynda gyşlan guşlar barada gyzykly maglumatlar we deňeşdirme seljermesi

2020-nji ýylda guşlaryň gyşlaýşynyň gözegçiligi barada maglumatlar neşir edilmäge çenli uzak ýol geçdi: 6000-den gowrak sanly surat toplandy, olardaky guşlaryň 300 müňe golaý wekilleriniň suratlaryny irginsiz işlemeli, seljermeli we maglumatlary jemlemeli boldy. Işi aňsatlaşdyrmak üçin kompýuteriň monitorynda bölünen guşlaryň görnüşleriniň atlarynyň tablisalary, sanlar we kalkulýator deňiz manzaryna derek düýşümize girýärdi.

2020-nji ýylyň ýanwarynda belli bir bölegi Ramsar konwensiýasynyň talaplaryna laýyklykda halkara derejeli suwly-batgaly peýdalanylýan ýerler, 10-sy Türkmenistanyň guşlar üçin Möhüm meýdanlary diýlip ykrar edilen ýerlerinde suwda ýüzýän hem-de suwda-batgalykda ýaşaýan guşlaryň 8 toparynyň 36 görnüşinden 289959-si gyşlady.

Olaryň aglabasy ylmy taýdan esaslandyrylan rejeli peýdalanmaga, olaryň höwürtgeleýän, gonup geçýän we gyşlaýan ýerlerini goramaga niýetlenen transmilli ähmiýetli biologik görnüşlerdir. Ýurtlaryň köpüsinde awçylyk hojalyklary tebigy ýol bilen baş sanyny dikeltmäge ukyplylygy üçin ekarançylykda az serişde goýberilip bir meýdan birliginden alynýan girdeji ýaly peýda getirýän pudakdyr.

Gyşlamaga gelen guşlaryň sany babatda ol ХХI asyryň birinji ýigrimi ýyllygynda üçünji netijedir: 2007-nji ýylda olaryň sany 439954; 2019-njy ýylda 306489 bolupdy.Görnüş babatda-da ol tapawutlandy, Gyzyl kitaba girizilen kiçi guwlar begendirdi, dogrusy, bu ýyl olar 47 sanydy, geçen ýyl bolsa 322-di, gorçylar ozal 17134 bolanlygyndan indi bary-ýogy 320 sany boldy, sany 3497-ä ýeten gyzylinjikler welin öňki derejä golaýlady ( 2019-njy ýylda olaryň 3520-si gyşlaga gelipdi).

Kiçi guwlar we gorçylar umuman Hazar ýakasy üçin gaty seýrek guşlar, şonuň üçinem olaryň bize gyşlamaga geliş kanunalaýyklaryny seljermek üçin maglumatlar azlyk edýär.

Guşlaryň köpçülikleýin gyşlamaga gelýänleriniň arasynda sakarbaraklar has köp boldy, olaryň sany 176400-e ýetdi, munuň özi 2007-nji ýylyň ýanwaryndan soňky ikinji görkezijidir, şonda Hazar taslamasynyň çäklerinde biz ozalky soýuz respublikalaryndan ilkinji bolup, uzaga çeken arakesmeden soň guşlaryň sanawyny dikuçarly geçiripdik.

Derýa ördekleriniň 16678-si, çümüji ördekleriňem 91293-si geldi. Çümüji ördekleriň 8 görnüşiniň arasynda gyzylburun ördekler agdyklyk etdi olaryň sany 42626-a ýetdi, ýöne olaram 2007-nji ýyldakydan azdy şol ýyl 179028, 2015-nji ýylda bolsa 57337 guş gelipdi.

Hüžžük çümgül ördekleriň 32288-si gelipdir, ýöne 2010-njy ýylyň ýanwarynda olaryň sany 49396 baş bolupdy.Gyzylbaşlaryň baş sany 15760-a ýetdi, 20 ýylda iň ýokary netije -- 2010-njy ýylyň ýanwarynda olaryň 30352-si gyşlaga gelipdi.

Derýa ördekleriniň 7 görnüşi hasaba alyndy, olardan gyzylbaşlar has köp 12597-si geldi, 2019-njy ýylyň ýanwarynda bolsa olaryň baş sany 13935-e ýetipdi, ötegçi guşlaryň iň köp sanlysy 2008-nji ýylyň noýabrynda 45671-si hasaba alnypdy.

Uzyninjiklerden bary-ýogy 2 sanjak gogur gelipdir, özem olaryň biri Türkmenbaşy aýlagynda, beýlekisi bolsa Ekeremden günortarakda duş geldi, ýogsa geçen ýyl olaryň sany 4 müňdenem agdykdy.Tüňňeleleriň 91-si we jübtünleriňem 69-sy bar eken.

Demirgazykly myhmanlardan ýekeje kiçi jübtün ördek, gyzylaýak ördekleriň 36-sy, deňiz çümgül ördekleriniň 126-sy we uly jübtün ördekleriňem 172-si gyşlamaga gelipdirler, ördekleriň beýleki görnüşleriniň sany ujypsyzdy.Tautylaryň 2,5 müňüsi gowy gyşlasa-da, sorhalaryň birine-de gabat gelmedik.

Guşlaryň bir toparynyň, çulukşekillilerden, ýöne dürli maşgalalardan çuluklaryň 7 görnüşinden 1104 hem-de çarlaklaryň 3 görnüşinden 1105 guş hasaba alyndy.

Guşlaryň gyşlan ýerleri geçen gyşyň ýumşak howasyna laýyk geldi, ol demirgazyk sebitiň ýa-da Garabogazyň kiçeňräk aýlaglarynda we aýlaglarynda --türkmen-gazak serhedinden Türkmenbaşy aýlagyna çenli; merkezi sebitiň ýa-da Şagadamyň Türkmenbaşy, Balkan, Demirgazyk-Çeleken we Mihaýlowskiý aýlaglarynda; ortalyk sebitde ýa-da Ogurjaly adasynda Türkmen aýlagy Günorta Çeleken zolagynda we Ekerem terminalynda; günorta sebitde ýa-da Esengulyda Ekerem terminalyndan türkmen-eýran serhedine çenli aralykda deňeçer gyşladylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmennebit döwlet konserniniň ýataklarynyň 30-dan gowragynda iş alnyp barylýar
“Hazarekogözegçilik”: Hazaryň kenarýaka zolagynyň ekologiýa görkezijileri kada laýyk gelýär
Türkmenistanda ýod öndürilişi artdyrylýar