Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, Hazaryň türkmen kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçen birinji Hazar ykdysady forumyna diňe bir Hazarýaka ýurtlaryň ýokary wezipeli wekilleri däl-de, halkara maliýe guramalaryň, dünýä bazarynda uly orun eýeleýän kompaniýalaryň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar, şeýle hem bu forum dünýä habar beriş serişdelerinde giň seslenme döretdi.Ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň metbugat habarlarynda bu forumyň gün tertibine kenarýaka döwletleriň bäşisiniň hem-de gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlaryň netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge degişli möhüm meseleleriň giň toplumynyň girizilendigi bellenilýär.Täzelikler neşirleri forumyň wekilçilikli derejesini nygtap, onuň işine hormatly Prezidentimiziň we “Hazar bäşliginiň” hökümetleriniň baştutanlarynyň — Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Nowruz Mamedowyň, Eýran Yslam Respublikasynyň birinji wise-prezidenti Eshak Jahangiriniň, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Askar Maminiň, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedewiň gatnaşandygyny habar berýärler. Şeýle hem bu çärelere Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulla Aripow we Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri Boýko Borisow gatnaşdylar.
RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow forumyň dabaraly mejlisiniň hormatly myhmany boldy.Dünýäniň dürli künjeklerinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleri türkmen Lideriniň: “Biz Hazar deňzini hyzmatdaşlygyň, ösüşiň we rowaçlygyň, gapma-garşylyklardan hem-de agzalalykdan azat giňişlik, döwletleriň, halkara guramalaryň, işewürligiň, ylmy we tehnologiýa kuwwatynyň birleşýän ýeri hökmünde görmek isleýäris.
Biz strategik geljegi hut şeýle kesgitläp, ony Hazar üçin “geljegiň nusgasy” diýip atlandyrýarys” diýen sözlerini beýan edýärler.Metbugat habarlarynda Türkmenistanyň Hazar deňzi boýunça goňşy ýurtlar bilen hem, beýleki daşary ýurtly hyzmatdaşlar we halkara guramalary bilen hem köpugurly hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändigi bellenilýär.Britaniýanyň “BBC”, “Londonpost”, “Energyvoice”, “Thisismoney” we beýleki neşirleriň belleýşi ýaly, Hazar deňziniň energetika mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele boldy.
Forumyň işine Hazarýaka ýurtlaryň Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Russiýa Federasiýasynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň uly gyzyklanma bildirendigi düşnüklidir.Eýranyň “Tehran Times” gazeti, “Mehr News Agency”, “Iran Press”, “IRNA” habarlar agentlikleri we köpsanly portallary Hazarda hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiliklerini hem-de birinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilmeginiň, onda gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagynyň möhümdigini bellediler.
Azerbaýjanyň “Trend”, “Azertaj”, “Azer news” we beýleki internet köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hem forumyň sebitde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn söwda gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynda ähmiýetini bellediler.Foruma halkara guramalarynyň, daşary ýurt işewürler düzümleriniň, iri maýa goýum kompaniýalarynyň we gaznalaryň, şeýle hem ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda ulanylýan dürli enjamlary we programma üpjünçiligini işläp taýýarlaýjylaryň hem-de getirijileriň 2100-den gowrak wekili gatnaşdy. 60-a golaý resminama gol çekilmegi birinji Hazar ykdysady forumynyň ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň jemleri boldy, şeýle hem dürli ýurtlardan hyzmatdaşlar bilen geljekde gepleşikleri geçirmek we hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin esas goýuldy.Gazagystanyň “Kazinform”, “Interfaks Kazahstan”, “Kazah taýms” we beýleki neşirleri hormatly Prezidentimiz bilen Gazagystanyň Premýer-ministri Askar Maminiň birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilen duşuşygyna uly üns berdiler.
Duşuşykda 2019-njy ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň 68 million dollara deň bolandygy bellenildi, munuň özi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 2,2 esse köpdür.Russiýanyň “TASS”, “RIA-Nowosti”, “Westi”, “gazeta.ru”, “MIR-24”, “Komsomolskaýa prawda” we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri birinji Hazar ykdysady forumy baradaky sözbaşylary ýygy-ýygydan ýerleşdirdiler hem-de bu forumyň açýan mümkinçilikleri barada ýazdylar.Tatarystan Respublikasynyň we Astrahan oblastynyň metbugat serişdeleri hem Awazada guralan çäreleri giňden beýan etdiler.
Bu sebitleriň ýolbaşçylary Rustam Minnihanow we Igor Babuşkin forumyň işine işjeň gatnaşdylar.Hazar ykdysady forumynyň açylyşynda Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministri Dmitriý Medwedewiň belleýşi ýaly, ikinji Hazar ykdysady forumyny Astrahanda geçirmek meýilleşdirilýär.Şeýle hem Bolgariýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri “Focus News Agency”, Bolgar milli radiosy, “Bolgar telegraf” agentligi we beýlekiler foruma uly gyzyklanma bildirdiler.
Hytaýyň “Sinhua” agentligi hem Hazarda hyzmatdaşlygyň uly geljegini belledi.Daşary ýurt media serişdeleri Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeldip, sebit hyzmatdaşlygy bilen çäklenmeýändigini belleýärler.Daşary ýurt okyjylaryna hödürlenilýän makalalarda Türkmenistanyň ählumumy dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmagy hasaba almak bilen, halkara maliýe-ykdysady düzümleri, şol sanda Bütindünýä banky, Halkara pul gaznasy, Ýewropanyň Abatlaýyş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky birinji Hazar ykdysady forumynyň işine gatnaşan beýleki maliýe edaralarynyň wekilleri bilen hem hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigi bellenilýär.
Birinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilmegi hem köpugurly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek babatynda bu gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we giňeldilmegine ýardam berer.