Hazar sebiti Ýewropanyň energiýa howpsuzlygynda aýratyn ähmiýete eýe

Hazar sebitiniň tebigy gazy Ýewropanyň energiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde aýratyn ähmiýe eýedir. Bu barada ABŞ-nyň Energiýa serişdeleri boýunça Döwlet departamentiniň döwlet sekretary Jeffri Paýett Nýu-Ýorkdaky “Caspian Polcy Center” tarapyndan guralan üçünji Hazar işewürlik forumynda belläp geçdi.

-Şu günki forumda ara alnyp maslahatlaşylýan meseleleriň köpüsi, howanyň üýtgemeginiň zyýanly täsirlerini çözmek bilen birlikde global energiýa zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin bilelikde işleşip biljekdigimiz barada boldy.Hazar sebitiniň tebigy gazy Ýewropanyň energiýa howpsuzlygynda çynlakaý rol oýnaýar.

Günorta gaz koridory munuň aýdyň mysaly bolup, sanly hyzmatdaşlyk we tehnologiki innowasiýa arkaly uly ösüş gazanyp boljakdygyny görkezýär” diýip, Jeffri Paýett belleýär.Maglumatlara görä, tebigy gaz gorlary boýunça dünýäniň iň öňdäki alty ýurdunyň deň ýarysy (Russiýa, Eýran we Türkmenistan) Hazaryň kenarynda ýerleşýär. “British Petroleum” kompaniýasynyň berýän maglumatlaryna görä, 2021-nji ýylda Hazarýaka döwletler tarapyndan jemi 1 trillion 100 milliard kub metrden gowrak tebigy gaz çykarylypdyr.

Ýene degişli makalalar

Jeffri Paýett: Hazar sebiti Ýewropanyň energiýa howpsuzlygynda uly rol oýnaýar
ABŞ ekologiýa babatda Türkmenistanyň gazananlaryna ýokary baha berdi
Wekiller palatasynyň täze başlygy
ABŞ-nyň Wekiller Palatasynda Saýlaw Ýene-de Netijesiz Boldy
Wekiller palatasynyň täze spikeri
Prezident Erdogan ABŞ-nyň Döwlet sekretaryny kabul etdi