Hazar dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk kenarlaryndaky ylalaşyk deňzi

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Deňiz giňişliklerini çäklendirmeleriň atlasy” atly taslamanyň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi.Oňa ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyrylyş edaralarynyň, ylym we bilim edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Tanyşdyrylyş çäresiniň barşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Hazar deňzi institutynyň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň, Ylymlar akademiýasynyň hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň wekilleri çykyş etdiler.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň V sammitinde çykyş edip, şeýle diýdi: Hazar sebiti, ozaly bilen, täsin, asyrlaryň dowamynda bu ýerde ýaşap gelýän halklaryň özara gatnaşyklarynyň, däp-dessurlarynyň, medeniýetleriniň, ruhy gymmatlyklarynyň kemala gelen künjegidir. Ýöne häzirki wagtda Hazar deňziniň ähmiýeti onuň geografik çäklerinden has giň gerime eýedir.

Ol geosyýasy we geoykdysady ýagdaýlaryň möhüm merkezleriniň birine öwrülýär.... Şol ýerde, Aktau şäherinde geçirilen sammitiň dowamynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Russiýanyň Prezidentleri Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýa gol çekdiler.

Ol Hazarýaka döwletleriniň gämi gatnawlary, deňizde energetika we kommunikasiýa taslamalaryny amala aşyrmak, bilelikdäki suw bioserişdeleri gorap saklamak hem-de rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak we beýleki möhüm meseleleri bilelikde çözmek ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerini kadalaşdyryjy resminamadyr.

Bu konwensiýada beýleki meseleleriň hatarynda deňiz giňişligini, içerki suwlary serhetleşdirmek, çäk suwlary, balyk tutulýan zolaklar hem-de umumy suw giňişligi ýaly wezipeler göz öňünde tutulýar. Şeýle hem bu suw giňişlikleriniň hukuk düzgünini kesgitleýär.

V sammitde Hazarýaka döwletleriň Prezidentleri Daşary işler ministrlikleriniň howandarlygynda bäştaraplaýyn yzygiderli geňeşmeleriň guralyny döretmek hakynda çözgüt kabul etdiler, şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow sammitden soňra ýakyn wagtda ýurtlarymyzyň daşary syýasat edaralaryna bu düzgüniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň meselelerine garamagy tabşyrmagy teklip etdi.

Bu teklip duşuşygyň jemleri boýunça kabul edilen Beýannamada görkezildi hem-de ilkinji nobatdaky tertipde degişli ylalaşygyň taslamasyny işläp taýýarlamaga hem-de ylalaşmaga girizmek tabşyryldy.Tabşyryga laýyklykda döredilen Hazar deňziniň meseleleri boýunça ýokary derejeli iş topary häzirki wagta çenli iki mejlis geçirdi, olarda ýokarda agzalan resminamanyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gepleşiklere maglumat we suratly maglumatlary taýýarlamak maksady bilen, şeýle hem deňiz giňişliklerini çäklendirmeler bilen baglanyşykly meseleleri geljekde hem öwrenmek üçin Hazar deňzi institutynyň we Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň hünärmenleri Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň geografiýa kafedrasynyň işgärleriniň gatnaşmagynda “Deňiz giňişliklerini çäklendirmegiň atlasyny” düzdüler.

Grafiki we maglumat habarlaryny öz içine alýan bu uly möçberli ýygyndy I — Atlantika ummany; II — Demirgazyk Buzly we Hindi ummanlary; III — Ýuwaş umman diýen üç bölümden ybaratdyr.Hödürlenýän atlasda çäk deňiz suwlarynyň, ýanaşyk zolaklaryň, aýratyn ykdysady zolaklaryň, kontinental ýalpaklaryň, balyk tutulýan zolaklaryň, serişdeleri bilelikde özleşdirmek zolaklarynyň we beýlekileriň serhetleri hem-de daşarky çäkleri görkezilýär.

Möçberi boýunça bu ägirt uly iş, sözüň doly manysynda, dünýä hukuk ylmynyň halkara deňiz hukugy ulgamynda toplan uly tejribesiniň beýanydyr, bu resminama ähli hukuk aýratynlyklaryny we sebit aýratynlyklaryny nazara almak bilen, deňiz giňişliklerini ähli Hazarýaka döwletler üçin adalatly şertlerde çäklendirmek bilen baglanyşykly möhüm meseleleri çözmäge ýardam berer.

Munuň özi örän möhümdir, şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, sebitiň ýurtlarynyň halkara guramalar bilen ýakyn hyzmatdaşlykda baş maksatlaryň we wezipeleriň umumylygyna hem-de üznüksizligine göz ýetirmek esasynda tagallalarynyň birleşdirilmeginiň zerurlygy örän möhümdir. Şu nukdaýnazardan, Hazarýaka döwletleriň ýakyn we uzak möhletleýin geljekde hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilik açylýar.Türkmenistan Hazar sebitinde hyzmatdaşlygyň toplanylan tejribesiniň, hoşniýetli goňşuçylygyň asyrlara uzaýan ýörelgeleriniň baýlaşdyrylmagynyň hem-de geljekki nesillere ýetirilmeginiň zerurdygyna ynanmak bilen, bu işlere taýýardyr.

Ýene degişli makalalar

18.12.2019 | Hazar dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk kenarlaryndaky ylalaşyk deňzi
Wulkanlaryň we buzluklaryň ýurdy