Türkmen-Gazagystan serhediniň gözegçilik nokadynda gümrükhana, Türkmenistanyň konsullyk gullugynyň we Garabogaz şäheriniň dolandyryş edarasynyň wekilleri Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkiniň ýolbaşçylygyndaky Hazar - dostluk deňzi motoýörişine gatnaşyjylary garşyladylar.
Motoýörişe Awaza milli syýahatçylyk zolagynda düşlediler. Türkmenbaşy şäheriniň hemmeugurly awtoulag duralgasynda motosikl hereketlendirijileri sowaýarka, syýahatçylar Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän kaşaň Berkarar myhmanhanasynda dynç aldylar. Şeýle hem olar deňiz kenarynda gezelenç etdiler.
Hazar ̶ dostluk deňzi motoýörişi 1-nji aprelde Astrahanda başlanypdy. Şu ýoldan ýöriş ilkinji gezek geçirilýär. Ýörişe gatnaşyjylar ilki Gazagystanyň Atyrau şäherine bardylar. Olar 11 günde Hazar deňziniň kenaryndaky bäş döwletiň çäginden 5000 kilometr ýol geçerler.
Motoýörişi Hazar sebitiniň ýurtlary bilen hoşmeýilli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmegi we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýär.