Şenbe güni Russiýa Federasiýasynyň Astrahan sebitinden Hazar — dostluk deňzi atly ilkinji 10 günlük motoýaryş badalga aldy. Motosikl ýaryşyna Astrahan sebitiniň häkimi Igor Babuşkin ýolbaşçylyk etdi.
Häzirki wagtda motoýaryşa gatnaşyjylar Gazagystanyň Aktau we Atyrau şäherlerine tarap ugur aldylar. Soňra olaryň ýoly Türkmenistanyň Aşgabat we Türkmenbaşy şäherleriniň üstünden geçer diýip, TASS habar berýär.
11-nji aprele çenli motosikl sürüjileriň kerweni Eýranyň Babolser we Reşte şäherlerine, Azerbaýjanyň Astar we Baku şäherlerine we Russiýanyň Kaspiýsk şäherine barar.
Ýaryşa gatnaşyjylar 10 günde motosikl bilen, takmynan, 5 müň kilometr ýol geçerler. Motoýaryş şeýle ugur boýunça ilkinji gezek geçirilýär. Bu çäre Hazar sebitiniň ýurtlary bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmek maksady bilen geçirilýär.
Ozal Wladimir Putiniň Hazar deňziniň töwereginde motosikl ýaryşyny geçirmek başlangyjyny goldandygyny habar beripdik.