1-nji aprelde Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastyndan badalga alan Hazar dostluk deňzi atly motoýörişe gatnaşyjylar Türkmenistana geldiler. Bu barada Astrahan 24 saýty habar berýär.
Motoýörişe gatnaşyjylaryň ilkinji duralgasy Gazagystanyň Atyrau, ikinji düşelgesi bolsa Mangistau welaýatlary boldy.
Düýn motoýörişe gatnaşyjylar Türkmenistanyň çägine aralaşdylar. Garabogaz şäherçesinde olary Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň resmi wekilleri mähirli garşyladylar. Soňra topar Awaza milli syýahatçylyk zolagyna tarap ýoluny dowam etdi. Ýörişe gatnaşyjylar şol ýerdäki Berkarar myhmanhanasynda dem-dynç aldylar. Soňra motosürüjiler Aşgabada tarap ýola düşdüler.
Motoýörişe gatnaşyjylara Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin kerwenbaşylyk edýär.
Ozal habar berşimiz ýaly, 11-nji aprele çenli motosürüjileriň kerweni Eýranyň Babolser we Reşt şäherlerine, Azerbaýjanyň Astar we Baku şäherlerine hem-de Russiýanyň Kaspiýsk şäherine barar.
Ýaryşa gatnaşyjylar 10 günde motosikl bilen, takmynan, 5 müň kilometr ýol geçerler. Motoýöriş şeýle ugur boýunça ilkinji gezek geçirilýär. Bu çäräniň maksady Hazar sebitiniň ýurtlarynyň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmekden ybaratdyr.
Şeýle-de okaň:
Wideo: