Hazar deňzine 17 milliard kub metr suw goýberildi

Şu ýylyň başyndan bäri Zaýyk derýasynyň üsti bilen Hazar deňzine 16,7 milliard kub metr suw goýberildi. Bu barada Gazagystan Respublikasynyň Suw serişdeleri we irrigasiýa ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Maglumatlara görä, Žaýyk derýasynyň ortaça uzak möhletli akymy 9,46 kub kilometre deňdir. Bu ýyl düşen suwuň mukdary bu görkezijiden ep-esli ýokary boldy. Derýa akymynyň emele gelmeginiň Russiýanyň çäginde ýerleşýän Iriklinskiý suw howdanyndan gelýän suwuň mukdaryna gönüden-göni baglydygy bellärliklidir.

Ministrligiň resmi wekili Moldir Abdualiýewanyň belleýşi ýaly, ýylyň başyndan bäri ministrligiň wekilleri Russiýa, Hytaý we Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky kärdeşleri bilen serhetýaka derýalar meselesi boýunça 28 duşuşyk geçirdi.

– Suwuň joşýan döwründe suwuň mukdaryny kadalaşdyrmak boýunça gepleşikler güýçlendirilen tertipde geçirilýär diýip, Moldir Abdualiýewa belledi.

Ýene degişli makalalar

Amyderýanyň suwy çekildi, türkmenistanlylar muny Owganystanyň täze kanalyndan görýärler
Türkmenabatda awtobus gatnawlary ýene seýrekleşdi
Dünýäniň iň owadan obalary
Arkadag şäherinde Çeperçilik haly kärhanasy gurlar
Türkmenabatda ýagyş zerarly agyz suw we lagym turbalary sandan çykdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmunmy