Hazar deňzinde näbelli partlama boldy

Hazar deňzinde näbelli partlama boldy

4-nji iýulda Hazar deňziniň Azerbaýjana degişli böleginde, Alýap şäherçesiniň töwereginde partlama boldy. Onuň wideýo ýazgysy sosial ulgamlarda ýaýradyldy.

Ilkibaşda onuň “Umyt” gaz platformasynda bolandygy, yzýanyndan ýangyn bolandygy we onuň deňziň kenaryndan görnendigi aýdyldy.Soňra Azerbaýjanyň häkimiýetleriniň we “SOCAR” döwlet nebit şirketiniň tassyklamagyna görä, gaz we nebit alynýan ýa-da nebit önümlerini daşaýan gämilerden ybarat sirketiň platformalaryna zeper ýetmedi diýip RBK ýazýar.

“SOCAR” döwlet nebit şirketiniň dabaralary gurnamak we jemgyýetçilik bilen gatnaşyklar departamentiniň başlygynyň orunbasary Ibragim Ahmedowyň Tassa aýtmagayna görä,

SOKAR-yň platformalaryna zeper ýetmedi we olar adaty ştatda zähmet çekýärler.

Şol bir wagtda Azerbaýjanyň adatdan daşary ministrligi 5-nji iýul gijesi Hazardaky partlama we ýangyn barada derňew geçirmäge girişdi.

Azerbaýjanyň yklym we tebigy gorlar boýunça ministrliginiň habaryna laýyklykda, deslapky wersiýalara görä,partlamanyň sebäbi deňizdäki palçyk wulkanynyň atylmagydy.The post Hazar deňzinde näbelli partlama boldy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

'Meredow Azerbaýjandan sowlup geçýän, Eýrany ileri tutýan gaz geçelgesini öňe sürüp, Türkiýä barýar'
“Türkmenistanyň nebiti we gazy” atly halkara maslahaty öz işine başlady
Azerbaýjanyň SOCAR kompaniýasy OGT ― 2022 sergisine uly gyzyklanma bildirýär
Aşgabatda Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2022 atly halkara forumy geçirilýär
Aşgabatda halkara nebitgaz forumy öz işine başlady
“SOCAR Trading” Türkmenistanyň nebiti we gazy Halkara maslahatynyň hyzmatdaşy boldy