Astrahanyň Lotos gämi gurluşyk zawodynda häzirki Russiýanyň taryhyndaky ilkinji Петр Великий kruiz laýnerini — garyşyk nawigasiýa (derýa-deňiz) gämisini gurmak boýunça uly taslama tamamlandy. Bu barada Expertsouth ýazýar.
Deňiz gämisiniň hereket ugry Hazar deňzi boýunça Russiýa, Türkmenistan, Azerbaýjan, Gazagystan we Eýrandan geçer.
Berilýän habara görä, gämi şu güýzde müşderä gowşurylar. Häzirki wagtda gämi işe girizildi we synaglar tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.
Петр Великий kruiz laýnerini gurmak taslamasy 2016-njy ýylda başlandy.
Häzirki wagtda Russiýada ilkinji konteýner gämileri Günorta gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş merkeziniň Lotos önümçilik meýdançasynda gurulýar. Bu gämiler Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň içinde harytlary daşamak üçin zerur bolup durýar. Şeýle hem sebit esasan hem logistika taýdan aýratyn orny eýeleýär.