Hazar deňzi meseleleri boýunça ýokary derejeli iş toparynyň X ýygnagy Türkmenistanda geçiriler

Hazar deňzi meseleleri boýunça ýokary derejeli iş toparynyň X ýygnagy Türkmenistanda geçiriler

22-23-nji oktýabrda Astana şäherinde Hazar deňzi meseleleri boýunça ýokary derejeli iş toparynyň IX ýygnagy geçirildi. Bu barada Вестник Кавказа habar berdi.

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň, hazarýaka döwletleriniň doly ygtyýarly wekilleriniň derejesinde geçirilen bu ýygnaga Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň wekiliýetleri gatnaşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Hazar deňzi boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini bellediler. Şeýle hem Hazar deňzinde göni çykyş ugurlaryny kesgitlemegiň usulyýeti ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýygnagyň dowamynda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän daşary işler ministrleriniň indiki ýygnagyna görülýän taýýarlyklar barada maglumat berildi.

Çäräniň ýokary derejede guralandygy we myhmansöýerlik üçin, Gazagystana minnetdarlyk bildirildi.

Hazar deňzi meseleleri boýunça ýokary derejeli iş toparynyň X ýygnagy Türkmenistanda geçiriler.

Ýene degişli makalalar

20-nji dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Beýik Britaniýada Karl III täç geýmeginiň hormatyna şaýylyk çykaryldy
Täjik edebiýaty
'Unudylan' Gazawat urşy 150 'ýaşady'
Halkara ýoga güni mynasybetli çäre geçirildi
Miniatýura sungatynyň ösüş ýoly