Hazar deňzi dostluk we hyzmatdaşlyk deňzi

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, parasatly baştutanlygynda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hazar sebitinde söwda-ykdysady we ulag-logistika hyzmatdaşlygyny, senagaty we energetikany ösdürmek, daşky gurşawy goramak, “ýaşyl ykdysadyýeti” kemala getirmek, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, deňziň biologik köpdürlüligini gorap saklamak, bu täsin suw aýtymynyň tebigy baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, geljekki nesillere miras galdyrmak barada giň gerimli, ýurt hem-de sebit ähmiýetli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurtda döredilen ekologiki kanunçylyk ulgamy döwlet tebigaty goraýyş syýasatyny netijeli amala aşyrmaga we tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmaga gönükdirilendir.

Esasy üns bolsa Hazar deňziniň türkmen böleginiň deňiz gurşawyny goramaga berilýär.

1996-njy ýylda Türkmenistanda Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýany işläp taýýarlamak boýunça başlanan taslamanyň tamamlanmagy halkara ähmiýetli taryhy waka öwrüldi. Ondan has ozal Hazar deňziniň täze halkara-hukuk derejesi hakyndaky gepleşikler 1992-nji ýylyň fewral aýynda Tähranda geçirilen Kenarýaka döwletleriň birinji maslahatynda başlandy.

2012-nji ýylyň 21-nji iýunynda Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynda Türkmenistan Hazar deňziniň ekologiýasy bilen baglanyşykly meseleleri sebitiň çäginden çykýan möhüm meseleleriň biri hökmünde häsiýetlendirdi hem-de bu ugurdaky işleri döwrüň talaplaryna laýyk derejede guramak barada oňyn başlangyçlary öňe sürdi.

Hazar deňzi boýunça dürli ugurlarda işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýmakda we ösdürmekde Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň sammitine uly orun degişlidigini aýratyn nygtamak gerek. 2002-nji ýylyň 22-23-nji aprelinde gözel paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň birinji sammitiniň uly taryhy ähmiýetiniň bolandygyny aýratyn bellemek gerek.

Onuň esasy maksady Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakynda ylalaşyga gelmek boldy.Bu sammitiň dowamynda sebitde ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, tebigy gazy ibermek we onuň söwdasy, sebitiň ekologiýa ýagdaýy, Hazar sebitinde döwletara ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmek barada özara işjeň pikir alyşmalar bolup geçdi. Şeýlelikde, Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň şol taryhy duşuşygyndan bäri geçen döwrüň dowamynda şunuň ýaly sammitleriň 6-sy bolup geçdi. Ýagny, 2007-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty bolan Tähran şäherinde Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň ikinji, 2010-njy ýylyň 18-nji noýabrynda Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagty bolan Baku şäherinde üçünji, 2014-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Russiýa federasiýasynyň Astrahan şäherinde dördünji, 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde bäşinji, 2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda ak mermerli paýtagtymyz Aşgabatda altynjy sammitleri geçdi.

Ýeri gelende bellesek, 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde Hazarýaka ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň bäşinji sammitinde ýurdumyz tarapyndan ykdysady ulgamy Hazardaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryň biridigi, bu ulgamyň öz içine ulag, logistika, kommunikasiýalar, energetika, önümçilik taýdan ýakynlaşmak ýaly ulgamlary we beýleki köp ugurlary öz içine alýandygy bellenilip, bu babatda hyzmatdaşlygyň geljegi uly, täsin görnüşi — Hazar ykdysady forumyny döretmek hakyndaky başlangyjy öňe sürüldi. Şeýle forum ilkinji gezek 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda Hazar deňziniň türkmen kenarynyň merjeni hasaplanýan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.

Bu forumda 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçirilen bäşinji Hazar sammitiniň çäklerinde Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky gol çekilen Konwensiýa boýunça nebit dökülmelerine garşy göreşmek boýunça (Aktau teswirnamasy), Ýerasty çeşmelerden gelýän hapalanmalardan goramak boýunça (Moskwa teswirnamasy), biologiki köpdürlüligiň goralyp saklanmagy boýunça (Aşgabat teswirnamasy) we serhetüsti mazmunynda daşky gurşawa ýetirilýän täsire baha bermek ýaly dört sany kabul edilen Teswirnamalaryň üstünde durulyp, ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bulardan başga-da, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklar, döwlet, işewür toparlaryň we kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda “Hazar deňzi: Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň bähbitleri” atly maslahat hem-de oňa degişli ugurlar boýunça mowzuklar geçirildi.

Bu geçirilen forum ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraý-mertebesini ýene bir gezek beýgeltdi.

Amanmyrat Arazow, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Aspirantura bölüminiň baş hünärmeni, uniwersitetiň Alymlar geňeşiniň alym-kätibi.

Ýene degişli makalalar

HAZAR DEŇZI DOSTLUK WE HYZMATDAŞLYK DEŇZI
12-nji awgust Hazar deňziniň güni
Halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenler sylaglandy
Hazaryň suwunyň derejesi peselýär: “Deňizde däl-de, händekde suwa düşen ýaly bolduk”
Türkiyäniň suw giňişligine itilen bosgunlar halas edildi
Kenarýaka howpsuzlyk gullugy soňky bir aýda 252 adamy halas etdi