Hazar "bäşliginiň" daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Aşgabatda duşuşdylar

Hazar "bäşliginiň" daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Aşgabatda duşuşdylar

28-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. VI Hazar sammitiniň öň ýanynda guralan bu duşuşyk Hazarýaka sebitde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny hem-de nobatdaky sammite taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança bolup hyzmat etdi.

Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Azerbaýjan Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Halaf Halafow, Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Huseýn Amir Abdullahian, Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow hem-de Gazagystan Respublikasynyň daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi türkmen paýtagtyna geldiler.

Nobatdaky duşuşygyň çäginde taraplar ertir geçiriljek Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammitinde ara alnyp maslahatlaşyljak meseleler, hususan-da, Hazarýaka sebitde howpsuzlygy üpjün etmek, ykdysady gatnaşyklary, şol sanda ulag, söwda, energetika, maliýe ulgamlarynda özara hyzmatdaşlygy toplumlaýyn ösdürmek barada pikir alyşdylar. Şunda Hazar deňzinde ekologiýa ugurly hyzmatdaşlyga hem möhüm orun degişlidir.

Bellenilişi ýaly, kenarýaka ýurtlar Hazar deňzini syýasy agzalalykdan, bolup biläýjek gapma-garşylyklardan, düşünişmezlikden we ynanyşmazlykdan azat giňişlik hökmünde saklamagyň, ony daşarky howplardan hem-de wehimlerden, hususan-da, terrorçylykdan, guramaçylykly transmilli jenaýatçylykdan, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyndan, beýleki wehimlerden goramagyň zerurdygyna oňat düşünýärler.

Bu işde syýasy-diplomatik gurallara möhüm orun berilýär.Taraplaryň pikirine görä, daşary işler ministrleriniň duşuşyklaryny yzygiderli esasda geçirip, bu gurallary işjeňleşdirmek we güýçlendirmek zerurdyr.Munuň özi bolup geçýän wakalar babatda öz wagtynda hem-de dogry hereket etmäge, ýakyn we uzak möhletleýin geljek üçin bilelikdäki işleri meýilleşdirmäge mümkinçilik berer.

Hazar bäşliginiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary VI Hazar sammitiniň netijeleri boýunça kabul ediljek jemleýji resminamanyň taslamasynda göz öňünde tutulýan wezipeler barada-da jikme-jik pikir alyşdylar.

Duşuşygyň yzysüre metbugat wekillerine ýüzlenmesinde Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow şular hakynda aýdyp, şu günki mejlisiň dowamynda taraplaryň Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýada beýan edilen ähli ýörelgeleriň wajypdygyny hem-de kenarýaka ýurtlaryň olara ygrarlydygyny tassyklandyklaryny belledi.

Ýene degişli makalalar

Astanada Hazar konwensiýasyna gol çekiljegine 'ynanmak kyn'
Eýran Zengezur Geçelgesini Milli Howpsuzlyga Abanýan Wehim Diýip Hasaplaýar
Hazaryň hukuk durumy 'ylalaşyldy', emma detallar açylmaýar
Hazar 'ylalaşygy' türkmen gazynyň Ýewropa aşmagyna ýol açýarmy?
Azerbaýjan Transhazar boýunça türkmen tarapynyň tekliplerine seretmäge taýýar
Azerbaýjan Respublikasy Yslam Rewolýusiýasynyň ýolbaşçysynyň Nagorno-Garabag baradaky aýdanlaryna gadyrdanlyk bildirdi