Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna bejergi alan çagalar Awaza milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýarlar.
Körpejeleriň tomusky dynç alyşlarynyň ýatdan çykmajak pursatlara beslenmegi üçin Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Awazadaky Daýanç sagaldyş merkezinde ähli şertler döredildi diýlip, Türkmenistan gazetinde habar berildi.
Türkmenistanyň Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda Daýanç sagaldyş merkezinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna bejergi alan çagalaryň gatnaşmagynda Arkadag sahawaty — ömürleriň çyragy ady bilen medeni çäreler geçirilýär.
Habarda bellenilişi ýaly, çäreleriň baý meýilnamasyna Awazadaky sazly suw çüwdürimler toplumyna we bu ýerdäki emeli derýa, Älemgoşar oýun-attraksionly seýilgähe gezelençler, körpeleriň arasynda sportuň küşt, şaşka, düzzüm görnüşleri boýunça ýaryşlar, Bagtyýar çagalyk atly söhbetdeşlik, BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde psihososial goldawa gönükdirilen okuw sapagy, suw howdanynda suwa düşmek, lukmançylyk-bejergi işleri, hünär saýlamak boýunça çagalaryň arzuwlaryny diňlemek ýaly gyzykly çäreler girizilipdir.
Ýeri gelende bellesek, 2021-nji ýyldan, ýagny döredilen gününden bäri gaznanyň hasabyna köp sanly çaga dürli lukmançylyk bejergileri ýerine ýetirildi, çagalaryň ençemesine zerur saglygy goraýyş-öňüni alyş barlaglary geçirilip, olar lukmançylyk serişdeleri bilen üpjün edildi. Bu asylly iş häzirki günlerde hem dowam etdirilýär.