Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy atly täze kitap çapdan çykdy.Bu barada şu gün — 16-njy iýunda Arkadag şäherinde geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow habar berdi.
Türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilen bu kitap Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak mynasybetli guralan dabara gatnaşyjylara sowgat hökmünde paýlanyldy.
Kitabyň Gurplulygyň öz şertleri bar, Beren eliň berekedi artar, Durmuşyň gymmaty — saglyk, Hossarlyk — öçmez umyt, Howandarlyk jebisligi döredýär diýlip atlandyrylan bölümlerinde haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan ynsanperwer işleri barada giňişleýin gürrüň berilýär.
Täze neşirde: Her bir döwletiň esasy maksady durnukly ykdysady ösüşi gazanyp, onuň netijeleri esasynda ilatyň durmuş ýagdaýlaryna täsir etmeklige, ony gowulandyrmaklyga gönükdirilýär.Onda esasy wezipe raýatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek bilen, öz saglygyny goramagy, bilim almagy, döredijilik başlangyçlaryny amala aşyryp bilmegi babatdaky mümkinçiliklerini döretmekden ybarat.
Jemgyýetde hossarlyga mätäç raýatlaryň bolmagy bu wezipeleri çözmäge dürli çemeleşmeleri talap edýär diýlip, gaznany döretmegiň esasy maksadydyr wezipelerine, alyp barýan giň gerimli işlerine üns çekilýär.
Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda 2021-nji ýylyň 29-njy martynda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi.Geljegimiz bolan ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn kadaly ösüşini üpjün etmek baradaky aladalaryň ählisiniň Milli Liderimiziň alyp barýan ynsanperwer işleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyndan ugur alnyp, Mejlisiň degişli karary bilen, haýyr-sahawat gaznasyna Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy.
Geçen gysga döwrüň dowamynda gaznanyň hasabyna howandarlyga mätäç çagalara paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalary geçirmäge, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde, mekdep-internatlarda terbiýelenýän ýaşajyk ildeşlerimiziň bejergi almaklary, lukmançylyk maksatly serişdeleri satyn almaklary üçin pul serişdeleriniň bölünip berilmegi yzygiderli häsiýete eýe boldy.
Haýyr-sahawat gaznasynyň ýanynda döredilip, onuň esaslandyryjysy tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Ýaşulular geňeşi bolsa öňde goýlan wezipeleri we dürli meseleleri çözmekde gazna hemmetaraplaýyn goldaw berýär.
Ýeri gelende, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynyň Arkadag şäherinde ýerleşdirilendigini hem bellemek gerek.