Haýwanat dünýäsiniň iň akylly jandarlary

Ýabany tebigatda ugurtapyjylygy we kämil hereketleri bilen ünsi özüne çekýän jandarlaryň birnäçesi ýaşaýar. Bulara maýmynlaryň, guşlaryň, deňiz süýdemdirijileriniň, oňurgasyzlaryň we hatda balyklaryň hem käbir görnüşi degişli bolup, akylly jandarlar ady bilen tanalýar. Geliň, haýwanat dünýäsiniň iň akylly jandarlary bilen tanyş bolalyň!

Bonobo. Şimpanzeleriň doganoglany hasaplanýan bonobolar akyllylygy we ugurtapyjylygy taýdan beýleki maýmynlardan tapawutlanýar.Iýjek zadyny, dyrmaşjak agajyny, nireden howpuň geljekdigini pikirlenip bilýän bu garaja maýmynlaryň agramy 45 kilograma ýetýär.

Dünýäde ýeke-täk bir ýerde duş gelýän Kongo Demokratik Respublikasynda ýaşaýan bonobolar ýaprak, ter baldaklar, miweler, gurçuk we mör-möjekdir ownuk balyklar bilen iýmitlenýärler.Geçirilen barlaglara görä, adamsypat maýmynlaryň bu görnüşiniň 26 ýyldan soň hem öň gören tanyş ýüzüni tanap bilýändigi ýüze çykaryldy.

Bonobolar öz aralarynda ýüze çykýan düşünişmezlikleri dawalaşmak arkaly däl-de, asuda ýol bilen çözýärler.

Garga. Guşlar maşgalasynyň iň akyllysy bolan gargalar adamyň ýüzüni ýatda saklamakdan başlap, çylşyrymly ýagdaýdan baş alyp çykmagy başarýarlar.Geçirilen barlaglaryň netijesinde gargalaryň 7 ýaşly çaga ýaly pikirlenip bilýändigi ýüze çykaryldy.

Dünýäniň ähli ýerinde duş gelýän gara guşlar aslynda meşhur syýahatçylar hasaplanýar.Sowuk howany halaýan bu guşlar her ýyl azyndan 500 kilometr ýol geçýärler.Gargalar ýaşaýan we syýahata barýan ýerine baglylykda, islendik zat bilen iýmitlenip bilýärler.

Iýmit dandamaýan bu guşlar hozdur şänigi çakmak üçin çüňki bilen dişläp ýokarlygyna uçýarlar we gaty ýere ýa-da asfaltyň üstüne oklaýarlar.Soňra bolsa aşak düşüp, döwlen maňyzlary iýýärler.

Gargalar 20 ýyla çenli ýaşaýarlar.

Žako (çalymtyl toty). Totularyň içinde akyllylygy bilen tapawutlanýan çalymtyl ýelekli, gyzyl guýrukly Afrika žakolary tebigatda duş gelýän howplardan baş alyp çykmaga has ökde.Hünärmenler geçirilen barlaglaryň netijesine görä, žakolaryň daş-töwerekde bolup geçýän zatlara 5 ýaşly çagalar ýaly akyl ýetirip bilýändigini belleýärler.

Tokaýda ýaşaýan beýleki guşlara hem görelde bolýan bu öýkünjeň guşlar miwe, käbir ösümlikleriň tohumy, agaçlaryň güli hem-de pyntygy bilen iýmitlenýärler.Köpelişi çäkli bolan çalymtyl ýelekli totular ýitip gitmek howpy abanýan jandarlaryň hatarynda görkezilýär. Öýde saklanýan iň owadan guşlaryň biri bolan žakolaryň esasy bölegi haýwanat baglarynda saklanýar.

Kosatka. Delfinler maşgalasynyň iň uly agzasy bolan alabeder balyklar suwda ýaşaýan jandarlaryň iň akyllysy hasaplanýar.Balykçylaryň arasynda ganhor kitler ady bilen tanalýan bu balyklar Arktikadan Antarktika çenli aralykdaky tropik deňizlerde duş gelýär.

Maşgala bolup ýaşaýan bu ýyrtyjy balyklar ownuk deňiz jandarlary bilen iýmitlenýärler.Geçirilen barlaglara görä, kosatkalaryň beýnisiniň işjeňliginiň 15 ýaşly adamyň beýnisi bilen deňdigi bellenilýär.Aýdylan söze düşünip, hereketleri gaýtalap, täze zatlary öwrenip bilýän bu jandarlar köplenç suw teatrlarynda ýörite idedijisi bilen dürli oýunlary görkezip tomaşaçylara hezil berýärler.

Kosatkalar duýgy taýdan ösen jandarlar hasaplanýar.

Zäherli gurbaga. Günorta Amerikanyň tropik tokaýlarynda ýaşaýan garamtyl-sary gurbagalar dünýäniň iň akylly we iň zäherli gurbagasy hasaplanýar.Bu gurbagalaryň ululygy 6-7 santimetre ýetýär.

Zäherli gurbagalaryň reňki açyk bolup, daş-töweregindäki jandarlara duýduryş beriji garamtyl nagyşlary bar.Süýrenijileriň arasynda iň işjeň beýnisi bolan zäherli gurbagalar ýaşamak, iýmit gözlemek, ýumurtgalamak üçin iň howpsuz ýeri saýlap alýarlar.

Bulardan başga-da, dünýäniň iň akylly jandarlarynyň sanawynda deňiz ýolbarslary, samyr, wrasse (arassaçyl balyk) we karakatisy (oňurgasyz balyk) gelýär.

Ýene degişli makalalar

Ekologiýa howpsuzlygy derwaýys mesele
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Kasym Žomart-Tokaýew häkimlik edýän partiýanyň ýolbaşçysy wezipesinden aýryldy
Emmanuel Makron ýaňadandan Prezident wezipesine saýlandy
Belgiýada sürüjileriň biri ulagyny adamlaryň üstüne sürdi
Gazagystanyň Ozalky Goranmak Ministri Murat Bektanow Saklandy