Haýwanat dünýäsi bilen baglanyşykly “goçak”, “öküz oňurga”, “tazy guýruk”, “güjük yzy”, “durna hatar” ýaly güller hakynda aýratyn gürrüň etmek isleýärin.Keçe güllerinde bu nagşyň dürli görnüşlerine we atlandyrylyşlaryna: “dört goçak”, “kelleli goçak”, “goçanak”, “goçbuýnuz”, “goçgarşah” we beýlekilere duşmak bolýar.
Amyderýanyň kenarynda ýaşaýan ilatyň diňe bir haly, palas, keçe we keşde nagyşlarynda däl, eýsem, agaç bezeglerinde we sandyklarynda-da “goçanak” nagşy örän köp duş gelýär.Bu nagşyň mazmuny barada Hormatly Prezidentimiz “Janly rowaýat” atly kitabynda şeýle belleýär: “...ine-de, şahlary burum-burum bolup duran dag goçy ol mertligiň we güýjüň simwoly bolup, türkmen öýüni gorap duran özboluşly tumar ýaly bolup, türkmen sungatynda aýratyn bir nyşana öwrülipdir. Şular ýaly dogalar bilen adam özüni jyn-arwahlardan, göz degmeden we başga betbagtçylyklardan gorapdyr” .
Türkmenler ýaňy-ýaňylara çenli hem öýleriniň gapylaryndan we howlularynyň derwezelerinden al-arwahdan, bela-beterden gorasyn diýip goçuň şahyny asyp goýupdyrlar, bu ýagdaýlara häzir hem duş gelinýär. Şol bir wagtyň özünde, goýnuň bereketliligiň, döwletliligiň nyşany hasaplanýandygyna halkymyzyň arasynda häzir hem aýdylyp gelinýän: “Gapyňyzda toý bolsun, agylňyzda koý”, “Goýunly baý, goýy baý” ýaly nakyllar hem şaýatlyk edýär.
Bu nagşyň gadymydygyna arheologik maglumatlar hem şaýatlyk edýär.Jeýtun medeniýetine degişli haýwan heýkeljiklerinden ak palçykdan hakyky ýagdaýyna meňzedilip ýasalan sakgally geçi üns berilmäge mynasypdyr.Alym W.M.
Massonyň bellemegine görä, dag goçy geçisi gadymy türkmen topragynda ilkinji eldekileşdirilen jandarlaryň biri bolupdyr.Onuň şeýledigine ilkinji ekerançylygyň mekany bolan Jeýtundan öýdekileşdirilen geçiniň, goýnuň süňkleriniň tapylmagy güwä geçýär.
Halk sungatynda dag goçunyň, geçisiniň tutýan orny, aňladýan manysy barada alymlar köp maglumatlary berýärler.Olaryň birnäçesine seljerme berilende bu jandaryň, onuň keşbiniň halkyň ruhy dünýäsindäki aýratyn ornuna ylmy esasda göz ýetirmek bolýar. Öküziň nagyşlar dünýäsine girmeginiň tötänden däldigini hormatly Prezidentimiz “Janly rowaýat” kitabynda şeýle belleýär: “Gadymy kultlaryň äheňleri hökmünde düşündirip boljak şekiller XIX asyrda, mysal üçin, ýomutlarda duş gelýär.
Ybadathana öküz ýaly haýwanlar baştutanlyk edipdir, ol suwy goraýjy hasaplanypdyr we abadançylygy, bol-elinligi we hasyly simwollaşdyrypdyr. Şeýle halylarda “öküz göl” nagşyna goşmaça hökmünde gapdal hatarlarda “ak suw ýelkenli gämi” atly “suw” gölüniň ýerleşdirilmegi tötänleýin däldir”. Öküziň, sygryň şekili gadymyýetden bäri ata-babalarymyzyň amaly-haşam sungatyna düýpli ornaşan keşpleriň biri hasaplanýar.
Jeýtundan, Pessejikdepeden we Çakmaklydepeden tapylan, ussatlyk bilen ýasalan heýkeljiklerden uly, orak görnüşli şahly öküzi mysal getirmek bolar.Jeýtun medeniýetine degişli ýadygärliklerden tapylan heýkeljikleriň içinde öküziňkiniň has ussatlyk bilen ýerine ýetirilmegi onuň gadymy halkyň dini pikirlerinde aýratyn ornunyň bardygyny görkezýär. Öküziň keşbiniň halkymyzyň aňyýetine berk ornaşandygyny hormatly Prezidentimiz “Türkmen medeniýeti” kitabynda şeýle belleýär: “Altyndepäniň, Goňurdepäniň hem-de Nusaýyň adam hem-de öküz bilen baglanyşykly taryhy ýadygärlikleri bu gudratly jandaryň ekerançylyk we irki şäher medeniýetlerinde mukaddes hasaplanandygy bilen baglanyşyklydyr. Öküziň kellesi gadymy döwrüň mukaddeslik nyşany. Öküz süňki, daşdan, mermerden, bişirilen toýundan ýasalan şekiller gadymy dünýäniň tumarydyr”.
Haýwanat dünýäsi bilen baglanyşykly keçe nagyşlary düýpli ylmy esasda öwrenilmäge mynasypdyr.Aýna Baýmuradowa, Türkmenistanyň Daşary işler Ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy