Haýwanat baglary ýabany hem-de öý haýwanlaryny, guşlary, suwda ýaşaýan jandarlary köpçülige tanyşdyrmak maksady bilen döredilýär.Bu ýerde gündelik durmuşda duş gelmeýän, şeýle hem alys ýurtlarda ýaşaýan haýwanlary ýakyndan görmäge mümkinçilik döredilýär.
Haýwanat baglary nesli azalyp barýan jandarlaryň köpeldilýän ýerleriniň hem biridir.Hatda olaryň käbir görnüşi diňe haýwanat baglary ýa-da ýörite goraghanalarda ýaşaýar. Şeýle hem haýwanat baglary ylmy maksatlar, jandarlary ýakyndan öwrenmek we tebigaty gorap saklamakda edilýän işlere goşant goşmak üçin hem peýdalanylýar.
Suwda ýaşaýan jandarlar üçin hem ýörite howuzlar, kiçeňräk akarlar döredilýär.Käbir kenarýaka şäherlerde diňe deňiz jandarlary ýaşaýan akwariumlar bar.Olarda suwasty ýaşaýşy ýakyndan görmek bolýar.Her jandaryň iýmiti dürli-dürli bolýar. Ýyrtyjy jandarlaryň iýmitlenişi hem öz aralarynda tapawutlanýar.
Mysal üçin, ýylanlar iýmitini çeýnemän, ýuwudýar. Şol sebäpli olar birnäçe günläp hiç zat iýmän gezip bilýärler. Ýolbars, gaplaň ýaly jandarlara we käbir ýyrtyjy guşlara adatça hepdede 1 gün nahar berilmeýär.
Sebäbi olar tebigy şertlerde her gün aw awlamaýarlar.Ot iýýän haýwanlary bolsa, yzygiderli dok saklamaly.Et, saman, miwe we bakja ekinlerini iýýän jandarlary saklamak o diýen kyn bolmasa-da, olaryň käbiri has üýtgeşik zatlar bilen iýmitlenýär.
Awstraliýa mahsus bolan koalalar diňe ewkalipt agajynyň ýapragyny iýýär. Şol sebäpli bu jandara dünýäniň beýleki ýerlerindäki haýwanat baglarynda o diýen köp duş gelinmeýär.Panda bolsa, bambukdan başga ösümlik iýmeýär.
Guşlaryň käbir görnüşleri diňe mör-möjekler bilen iýmitlenýär.Haýwanat baglarynda jandarlaryň sagdyn ýaşamaklary üçin olaryň iýmitlenişine aýratyn üns berilýär. Şol sebäpli olaryň köpüsi tebigatdaky durmuşyndan has uzak ýaşaýar.Şäherleriň golaýyndaky haýwanat baglaryndan başga-da, käbir ýerleriň tebigy aýratynlyklaryny köpçülige tanyşdyrmak maksady bilen döredilen tebigy ýaşaýyş seýilgähleri hem bolýar.
Diňe belli bir topara degişli haýwanlaryň saklanýan haýwanat baglary hem bolýar.Mysal üçin, olarda diňe süýrenijiler ýa-da guşlar saklanýar.Akwariumlarda deňiz jandarlary we balyklar bolýan bolsa, akwaparklar has uly bolup, onda deňizde ýaşaýan dürli jandarlar, şol sanda süýdemdirijiler hem saklanýar.Ilkinji haýwanat bagy miladydan ozal 1100-nji ýylda Hytaýda peýda bolupdyr.
Ol, esasan, haýwanlary öwrenmek maksady bilen döredilipdir.Gadymy Müsürde hem haýwanat bagy döredilip, onda alys ýurtlardan getirilen maýmyn, bars, žiraf, geçigaplaň ýaly jandarlar saklanypdyr.Miladydan ozalky 1000-400-nji ýyllar aralygynda Demirgazyk Afrikada, Hindistanda we Hytaýda ululy-kiçili birnäçe haýwanat baglary döredilipdir.
XVI asyrda Osman imperiýasynyň paýtagty Stambulda hem “Arslanhana” ady bilen ýabany we ýyrtyjy haýwanlaryň saklanýan ýeri bolupdyr.XVII asyrda Fransiýanyň patyşasy Lui XIV öz köşgünde ýabany haýwanlaryň saklanýan ýerini döredipdir.
Ol Ýewropada uly meşhurlyk gazanypdyr.Bu jandarlar ylmy taýdan öwrenilip zoologiýanyň bu ýurtda ösmegine goşant goşupdyr.Köpçüligiň baryp bilýän haýwanat baglary bolsa, XVIII asyrda ilki Ýewropa ýurtlarynda, soňra dünýäniň beýleki ýerlerinde peýda bolýar.
Haýwanlar üçin ýörite tebigy şertler döredilen, häzirkilere meňzeş ilkinji haýwanat bagy 1793-nji ýylda Parižde peýda bolýar.Ol häzirki wagtda hem dünýäniň iň meşhur haýwanat baglarynyň biridir.